Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň şu ýy­lyň 5-nji ap­re­lin­de bo­lup ge­çen gi­ňiş­le­ýin mej­li­sin­de eden çy­ky­şyn­da ýur­du­myz­da ýa­kyn wagt­lar­da köp san­ly me­de­ni çä­re­le­riň ge­çi­ril­ýän­di­gi­ni, we şo­la­ryň ha­ta­ryn­da 1941-1945-nji ýyl­la­ryň Be­ýik Wa­tan­çy­lyk ur­şun­da ga­za­ny­lan Be­ýik Ýeň­şiň 72 ýyl­ly­gy­nyň hem ýo­ka­ry de­re­je­de we gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çi­ril­me­li­di­gi­ni aýt­dy.
Mer­da­na hal­ky­myz Be­ýik Ýeň­şiň ga­za­nyl­ma­gy­na my­na­syp go­şant goş­dy. Uruş baş­la­nan­dan soň­ra gys­ga wagt­da ýurt­da mil­li go­şun bi­rik­me­le­ri dö­re­dil­di. Aş­ga­bat­da 87-nji aý­ra­tyn türk­men aty­jy­lyk bri­ga­da­sy, Ma­ry­da 97-nji türk­men at­ly di­wi­zi­ýa­sy, Çär­jew­de (hä­zir­ki Türk­me­na­bat) 98-nji türk­men at­ly di­wi­zi­ýa­sy, Ker­ki­de (hä­zir­ki Ata­my­rat) 88-nji aý­ra­tyn türk­men bri­ga­da­sy dö­re­dil­di.
Sö­weş meý­da­nyn­da gör­ke­zen mert­li­gi üçin türk­me­nis­tan­ly­la­ryň müň­ler­çe­si sö­weş­jeň sy­lag­la­ra my­na­syp bol­du­lar. 1941-1945-nji ýyl­la­ryň ur­şy ýyl­la­ryn­da Türk­me­nis­tan­dan ur­şa gi­den es­ger­le­riň ara­syn­da 9 es­ger “Şöh­rat” or­de­ni­niň do­ly de­re­je­le­ri­niň eýe­si bol­du­lar. Sö­we­şe gat­na­şan il­deş­le­ri­mi­ziň 76-sy­na So­wet So­ýu­zy­nyň Gah­ry­ma­ny di­ýen be­lent at be­ril­di. Olar­dan Gur­ban Dur­dy, An­na­gy­lyç Ata­ýew, Aý­dog­dy Ta­hy­row, Berdimyrat Döwletjanow, Mül­ki Baý­ra­mow, Ta­gan Baý­ram­dur­dy­ýew, Pe­na Re­je­bow… ýa­ly mer­da­na­la­ry­myz bu ga­zap­ly ur­şuň il­kin­ji ýyl­la­ryn­da gah­ry­man­çy­ly­gyň be­lent nus­ga­sy­ny gör­kez­di­ler. Bu gün öz mer­da­na­la­ry­na uly hor­mat goý­ýan hal­ky­myz mil­li Li­de­ri­mi­ziň ata­sy Ber­di­mu­ham­met An­na­ýe­wiň bu uruş­da gör­ke­zen eder­men­li­gi­ni hem uly hor­mat bi­len ýat­la­ýar.
El­bet­de, uruş ýit­gi­siz bol­ma­ýar. Bu uruş tu­tuş adam­za­da, şol san­da bi­ziň hal­ky­my­za hem ju­da agyr pi­da ge­tir­di. 1941-1945-nji ýyl­la­ryň ur­şun­da il­deş­le­ri­mi­ziň ýüz mü­ňe go­la­ýy we­pat bol­dy. Olar öz be­lent mil­li ruh­la­ry, ýan­ber­mez erk­le­ri, mer­da­na­lyk­la­ry we gah­ry­man­çy­lyk­la­ry bi­len öl­mez-ýit­mez­li­ge eýe bol­du­lar.
1941-1945-nji ýyl­lar­da türk­men hal­ky tyl­da, ýag­ny ur­şuň yzyn­da hem be­ýik gah­ry­man­çy­lyk gör­kez­di. Ne­bit çy­ka­ran, ot­ly sü­ren, kol­hoz meý­dan­la­ryn­da pag­ta­dyr gal­la ön­dü­ren ýüz müň­ler­çe mer­da­na zäh­met­keş­le­ri­mi­ziň, şol san­da aýal-gyz­la­ryň, ýaş og­lan­la­ryň, gar­ry­la­ryň Be­ýik Ýeň­şe go­şan go­şan­dy bi­möç­ber­dir. Ur­şuň il­kin­ji gün­le­rin­den baş­lap, “Äh­li zat front üçin! Äh­li zat ýe­ňiş üçin!” di­ýen şy­gar as­tyn­da iş­le­mek bi­len, olar zäh­met­de gah­ry­man­çy­ly­gyň aja­ýyp nus­ga­sy­ny gör­kez­di­ler we Be­ýik Ýeň­şiň ga­za­nyl­ma­gy üçin şi­rin jan­la­ry­ny gaý­gyr­man gö­reş­di­ler, fron­ty iň ze­rur zat­lar bi­len üp­jün et­di­ler. Tyl­da­ky çe­ki­len gah­ry­man­çy­lyk­ly zäh­met­le­ri üçin, ýag­ny, ur­şuň yzyn­da­ky zäh­met fron­tun­da gör­ke­zen eder­men­lik­le­ri üçin bi­ziň il­deş­le­ri­mi­ziň – iş­çi­le­riň, daý­han­la­ryň, gul­luk­çy­la­ryň, ylym-me­de­ni­ýet we sun­gat iş­gär­le­ri­niň 130 müň­den gow­ra­gy­nyň “1941-1945-nji ýyl­la­ryň Be­ýik Wa­tan­çy­lyk ur­şun­da eder­men­lik­li zäh­me­ti üçin” di­ýen me­dal bi­len, baş­ga-da köp adam­la­ryň dür­li döw­let sy­lag­la­ry bi­len sy­lag­la­nan­dy­gy­ny bel­le­mek ge­rek. Tyl­da­ky agyr zäh­me­tiň, esa­sa­nam, ýan­ýol­daş­la­ry­ny, ata­la­ry­ny, aga­la­ry­ny, ka­ka­la­ry­ny fron­ta ibe­ren ge­lin-gyz­la­ry­my­zyň, ýet­gin­jek og­lan­la­ryň, gar­ry­la­ryň pa­ýy­na dü­şen­di­gi­ni hem aýt­mak ge­rek. Olar gi­je-gün­diz diý­män, kol­hoz meý­dan­la­ryn­da, za­wod-fab­rik­ler­de, mal­dar­çy­lyk­da zäh­met çek­di­ler. Türk­men ze­nan­la­ry di­ňe bir gi­je­le­ri­ni gün­diz edip iş­le­mek bi­len çäk­len­män, eý­sem, go­ran­mak gaz­na­sy­na gym­matba­ha­ly şaý-sep­le­ri­ni, ne­pis ha­ly­la­ry­ny hem ba­gyş et­di­ler.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz “Döw­let gu­şy” ro­ma­nyn­da uruş ýyl­la­rynda uzak tyl­da çe­ki­len agyr zäh­met, ge­lin-gyz­la­ry­my­zyň, gar­ry­la­ryň, ça­ga­la­ryň, gah­ry­man­çy­lyk­ly zäh­me­ti bilen gazanylan gymmatlyklaryň Mä­lik­gu­ly­nyň ka­bul et­me­gi bilen fron­ta tab­şy­ryl­ma­gy ba­ra­da şeý­le mag­lu­mat­lar bar: 1943-nji ýy­lyň maý aýy­na çen­li So­wet So­ýu­zy bo­ýun­ça ilat­dan 7392 ki­log­ram gym­matba­ha­ly şaý-sep go­ra­nyş fon­du­na tab­şy­ry­lyp­dyr. Şo­nuň 75 gö­te­ri­mi Türk­me­nis­tan­dan gow­şup­dyr. Ogul­bä­bek Berdimuhamedowanyň 1943-nji ýy­lyň 14-nji mar­tyn­da Go­ran­mak gaz­na­sy­na tab­şy­ran al­tyn-kü­müş­le­ri­niň umu­my ag­ra­my 2 ki­log­ram 428 gram bo­lup­dyr.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miziň “Döw­let gu­şy” ro­ma­ny­ny oka­ny­myz­da, bi­ziň hä­zir­ki wagt­da Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de asu­da dur­muş­da, bol-elin­lik­de, pa­ra­hat, ag­zy­bir­lik­de ýa­şa­ýan türk­men hal­ky­my­zyň mäh­ri­ban Ar­ka­da­gy­my­za bo­lan mä­hir­li söý­gü­si, çuň­ňur min­net­dar­ly­gy ýü­rek­le­ri­miz­de bar­ha joş­ýar. Çün­ki, mil­le­tiň Li­de­ri­niň yg­lan eden “Döw­let adam üçin­dir!” at­ly aja­ýyp ýö­rel­ge­si her bir ra­ýa­tyň, her bir maş­ga­la­nyň, her bir ça­ga­nyň bagt­ly dur­mu­şy­ny üp­jün et­mek, ola­ryň sag­ly­gy­ny, dur­muş ke­pil­lik­le­ri, bolelin ýa­şa­mak­la­ry­dyr. “Döw­let gu­şy” ro­ma­ny­ny oka­nyň­da Mä­lik­gu­ly aga­nyň ýaş­lyk ýyl­la­ryn­da, nä­ge­han ur­şuň ýo­wuz gün­le­rin­de türk­men oba­la­ryn­da, tyl­da, ur­şa gi­den ger­çek­le­riň ýe­ri­ne kol­hoz meý­dan­la­ryn­da, za­wod-fab­rik­ler­de zäh­met çe­ken aýal-gyz­la­ryň, ça­ga­la­ryň, gar­ry­la­ryň şeý­le agyr gün­ler­de Be­ýik Ýeň­şiň gel­me­gi­ne öz­le­ri­niň my­na­syp go­şant­la­ry­ny go­şan­dyk­la­ry­ny gör­mek bol­ýar. Ata-ba­ba­la­ry­my­zyň, ene­le­ri­mi­ziň 1941-1945-nji ýyl­la­ryň ur­şun­da baş­dan ge­çi­ren agyr gün­le­ri­ni okap, şu gün­ki pa­ra­hat dur­mu­şa, bolelin dur­mu­şa, asu­da dur­mu­şa al­kyş aýd­ýar­syň.
Bag­ty­ýar hal­ky­myz ba­ra­da yzy­gi­der­li ala­da ed­ýän, mäh­ri­ban Ar­ka­da­gy­my­zyň ja­ny sag, öm­ri uzak, il-ýurt bäh­bit­li iş­le­ri he­mi­şe ro­waç bol­sun!

Aşyr­gel­di Ju­ma­ýew,
Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky TDU-nyň
do­sen­ti, ýu­ri­dik ylym­la­ryň kan­di­da­ty.