Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 5-nji aprelinde bolup geçen giňişleýin mejlisinde eden çykyşynda ýurdumyzda ýakyn wagtlarda köp sanly medeni çäreleriň geçirilýändigini, we şolaryň hatarynda 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Beýik Ýeňşiň 72 ýyllygynyň hem ýokary derejede we guramaçylykly geçirilmelidigini aýtdy.
Merdana halkymyz Beýik Ýeňşiň gazanylmagyna mynasyp goşant goşdy. Uruş başlanandan soňra gysga wagtda ýurtda milli goşun birikmeleri döredildi. Aşgabatda 87-nji aýratyn türkmen atyjylyk brigadasy, Maryda 97-nji türkmen atly diwiziýasy, Çärjewde (häzirki Türkmenabat) 98-nji türkmen atly diwiziýasy, Kerkide (häzirki Atamyrat) 88-nji aýratyn türkmen brigadasy döredildi.
Söweş meýdanynda görkezen mertligi üçin türkmenistanlylaryň müňlerçesi söweşjeň sylaglara mynasyp boldular. 1941-1945-nji ýyllaryň urşy ýyllarynda Türkmenistandan urşa giden esgerleriň arasynda 9 esger “Şöhrat” ordeniniň doly derejeleriniň eýesi boldular. Söweşe gatnaşan ildeşlerimiziň 76-syna Sowet Soýuzynyň Gahrymany diýen belent at berildi. Olardan Gurban Durdy, Annagylyç Ataýew, Aýdogdy Tahyrow, Berdimyrat Döwletjanow, Mülki Baýramow, Tagan Baýramdurdyýew, Pena Rejebow… ýaly merdanalarymyz bu gazaply urşuň ilkinji ýyllarynda gahrymançylygyň belent nusgasyny görkezdiler. Bu gün öz merdanalaryna uly hormat goýýan halkymyz milli Liderimiziň atasy Berdimuhammet Annaýewiň bu uruşda görkezen edermenligini hem uly hormat bilen ýatlaýar.
Elbetde, uruş ýitgisiz bolmaýar. Bu uruş tutuş adamzada, şol sanda biziň halkymyza hem juda agyr pida getirdi. 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda ildeşlerimiziň ýüz müňe golaýy wepat boldy. Olar öz belent milli ruhlary, ýanbermez erkleri, merdanalyklary we gahrymançylyklary bilen ölmez-ýitmezlige eýe boldular.
1941-1945-nji ýyllarda türkmen halky tylda, ýagny urşuň yzynda hem beýik gahrymançylyk görkezdi. Nebit çykaran, otly süren, kolhoz meýdanlarynda pagtadyr galla öndüren ýüz müňlerçe merdana zähmetkeşlerimiziň, şol sanda aýal-gyzlaryň, ýaş oglanlaryň, garrylaryň Beýik Ýeňşe goşan goşandy bimöçberdir. Urşuň ilkinji günlerinden başlap, “Ähli zat front üçin! Ähli zat ýeňiş üçin!” diýen şygar astynda işlemek bilen, olar zähmetde gahrymançylygyň ajaýyp nusgasyny görkezdiler we Beýik Ýeňşiň gazanylmagy üçin şirin janlaryny gaýgyrman göreşdiler, fronty iň zerur zatlar bilen üpjün etdiler. Tyldaky çekilen gahrymançylykly zähmetleri üçin, ýagny, urşuň yzyndaky zähmet frontunda görkezen edermenlikleri üçin biziň ildeşlerimiziň – işçileriň, daýhanlaryň, gullukçylaryň, ylym-medeniýet we sungat işgärleriniň 130 müňden gowragynyň “1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda edermenlikli zähmeti üçin” diýen medal bilen, başga-da köp adamlaryň dürli döwlet sylaglary bilen sylaglanandygyny bellemek gerek. Tyldaky agyr zähmetiň, esasanam, ýanýoldaşlaryny, atalaryny, agalaryny, kakalaryny fronta iberen gelin-gyzlarymyzyň, ýetginjek oglanlaryň, garrylaryň paýyna düşendigini hem aýtmak gerek. Olar gije-gündiz diýmän, kolhoz meýdanlarynda, zawod-fabriklerde, maldarçylykda zähmet çekdiler. Türkmen zenanlary diňe bir gijelerini gündiz edip işlemek bilen çäklenmän, eýsem, goranmak gaznasyna gymmatbahaly şaý-seplerini, nepis halylaryny hem bagyş etdiler.
Hormatly Prezidentimiz “Döwlet guşy” romanynda uruş ýyllarynda uzak tylda çekilen agyr zähmet, gelin-gyzlarymyzyň, garrylaryň, çagalaryň, gahrymançylykly zähmeti bilen gazanylan gymmatlyklaryň Mälikgulynyň kabul etmegi bilen fronta tabşyrylmagy barada şeýle maglumatlar bar: 1943-nji ýylyň maý aýyna çenli Sowet Soýuzy boýunça ilatdan 7392 kilogram gymmatbahaly şaý-sep goranyş fonduna tabşyrylypdyr. Şonuň 75 göterimi Türkmenistandan gowşupdyr. Ogulbäbek Berdimuhamedowanyň 1943-nji ýylyň 14-nji martynda Goranmak gaznasyna tabşyran altyn-kümüşleriniň umumy agramy 2 kilogram 428 gram bolupdyr.
Hormatly Prezidentimiziň “Döwlet guşy” romanyny okanymyzda, biziň häzirki wagtda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe asuda durmuşda, bol-elinlikde, parahat, agzybirlikde ýaşaýan türkmen halkymyzyň mähriban Arkadagymyza bolan mähirli söýgüsi, çuňňur minnetdarlygy ýüreklerimizde barha joşýar. Çünki, milletiň Lideriniň yglan eden “Döwlet adam üçindir!” atly ajaýyp ýörelgesi her bir raýatyň, her bir maşgalanyň, her bir çaganyň bagtly durmuşyny üpjün etmek, olaryň saglygyny, durmuş kepillikleri, bolelin ýaşamaklarydyr. “Döwlet guşy” romanyny okanyňda Mälikguly aganyň ýaşlyk ýyllarynda, nägehan urşuň ýowuz günlerinde türkmen obalarynda, tylda, urşa giden gerçekleriň ýerine kolhoz meýdanlarynda, zawod-fabriklerde zähmet çeken aýal-gyzlaryň, çagalaryň, garrylaryň şeýle agyr günlerde Beýik Ýeňşiň gelmegine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşandyklaryny görmek bolýar. Ata-babalarymyzyň, enelerimiziň 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda başdan geçiren agyr günlerini okap, şu günki parahat durmuşa, bolelin durmuşa, asuda durmuşa alkyş aýdýarsyň.
Bagtyýar halkymyz barada yzygiderli alada edýän, mähriban Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun!
Aşyrgeldi Jumaýew,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň
dosenti, ýuridik ylymlaryň kandidaty.