27-nji iýul­da paý­tag­ty­my­zyň Olim­pi­ýa şä­her­ji­gin­de 5-nji aw­gust­dan 21-nji aw­gust ara­ly­gyn­da Bra­zi­li­ýa­nyň Rio-de-Ža­neý­ro şä­he­rin­de ge­çi­ril­jek Olim­pia­da türk­men tür­gen­le­ri­niň we­ki­li­ýe­ti­niň ug­ra­ma­gy my­na­sy­bet­li da­ba­ra ge­çi­ril­di. Ýur­du­my­zyň tür­gen­le­ri­niň dün­ýä­niň iň esa­sy sport ýa­ry­şy­na ug­ra­ma­gy my­na­sy­bet­li ge­çi­ri­len da­ba­ra Sport ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň, Mil­li olim­pi­ýa ko­mi­te­ti­niň, Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­nyň Gu­ra­ma­çy­lyk ko­mi­te­ti­niň, beý­le­ki sport bö­lüm­le­ri­niň we­kil­le­ri, tä­lim­çi­ler we öň­de­ba­ry­jy tür­gen­ler gat­naş­dy­lar. Da­ba­ra ýyg­na­nan­lar hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň XXXI Olim­pi­ýa oýun­la­ry­na gat­naş­ýan türk­men tür­gen­le­ri­ne Ýüz­len­me­si­ni üns bi­len diň­le­di­ler. On­da mil­li Li­de­ri­miz tür­gen­le­ri­mi­ziň ýo­ka­ry de­re­je­de çy­kyş edip, baý­rak­ly orun­la­ry eýe­le­mek bi­len türk­men spor­tu­nyň ab­ra­ýy­ny be­len­de gö­ter­jek­dik­le­ri­ne ynam bil­dir­ýär. Olim­pia­da türk­men tür­gen­le­ri üçin mö­hüm sy­nag bo­lup dur­ýar. Onuň ne­ti­je­le­ri öň­de du­ran 2017-nji ýyl­da Aş­ga­bat­da ge­çi­ril­jek Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­ny ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çir­mä­ge mil­li ýy­gyn­dy­my­zyň taý­ýar­ly­gy ba­ba­tyn­da örän wa­jyp­dyr.
Hal­ka­ra de­re­je­sin­de gu­ral­ýan iri ýa­ryş­lar­da il­deş­le­ri­mi­ziň üs­tün­lik­li çy­kyş et­me­gi ola­ryň Rio-de-Ža­neý­ro­da üs­tün­lik­li çy­kyş et­jek­dik­le­ri­ne umyt et­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry ne­ti­je gör­ke­zen bir­nä­çe tür­gen­le­ri baý­rak­la­ra da­laş­gär bo­lup dur­ýar. Ola­ryň ara­syn­da 2014-2015-nji ýyl­lar­da Türk­me­nis­tan­da ýy­lyň iň go­wy tür­ge­ni di­ýen de­re­jä iki ge­zek eýe bo­lan dzýu­do bo­ýun­ça hal­ka­ra de­re­je­li sport us­sa­dy Gül­ba­dam Ba­ba­my­ra­do­wa bar.
Şol gün­ki da­ba­ra­da Gül­ba­dam hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze sport bi­len meş­gul­lan­ma­ga dö­re­di­len aja­ýyp müm­kin­çi­lik­ler üçin tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk söz­le­ri­ni aýt­dy. Sport bi­len meş­gul­lan­mak üçin dö­re­di­len şeý­le aja­ýyp müm­kin­çi­lik­ler ýo­ka­ry ne­ti­je­le­ri ga­zan­ma­ga borç­ly ed­ýär. Şeý­le hem ol Bra­zi­li­ýa­da ge­çi­ril­jek Olim­pia­da­da ýur­du­my­zyň sport sö­ýü­ji­le­ri­ni sport dü­şek­çe­sin­de owa­dan hem-de ne­ti­je­li tut­lu­şyk­lar bi­len be­gen­dir­mek üçin gu­jur-gaý­ra­ty­ny gaý­gyr­ma­jak­dy­gy­na ynan­dyr­dy. Ol 52 ki­log­ram ag­ram de­re­je­sin­de me­dal­lar ug­run­da gö­re­şer.
Türk­me­nis­ta­nyň Olim­pi­ýa ýy­gyn­dy to­pa­ry­nyň dü­zü­min­de Ars­lan­bek Açy­lo­wyň üs­tün­lik­li çy­kyş et­jek­di­gi­ne hem umyt bil­di­ril­ýär. Ol iýun aýyn­da Azer­baý­ja­nyň paý­tag­ty Ba­ku şä­he­rin­de ge­çi­ri­len boks bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­tyn­da aý­gyt­laý­jy du­şu­şy­ga çyk­ma­gy ba­şar­dy. Bu du­şu­şy­ga çen­li il­de­şi­miz Tä­ji­gis­ta­nyň, Taý­pe­ýiň, Şweý­sa­ri­ýa­nyň, Ita­li­ýa­nyň we Hin­dis­ta­nyň tür­gen­le­ri­ni ynam­ly ýeň­me­gi ba­şar­dy.
2012-nji ýyl­da Lon­don­da, şeý­le hem Rio-de-Ža­neý­ro­da­ky bu geç­jek Olim­pi­ýa oýun­la­ryn­da Ş.Gur­ba­now tä­lim­çi hök­mün­de ýur­du­my­za we­kil­çi­lik ed­ýär. Şeý­le hem ýur­du­my­zyň olim­pi­ýa ýy­gyn­dy­sy­nyň to­pa­ryn­da Gül­na­bat Ka­dy­ro­wa (agyr at­le­ti­ka), Röw­şen Nur­jo­wow (dzýu­do), Aman­my­rat Hom­ma­dow we Ýe­le­na Rýa­bo­wa (ýe­ňil at­le­ti­ka), Mer­dan Ata­ýew bi­len Dar­ýa Sem­ýo­no­wa (suw­da ýüz­mek) da­gy dün­ýä­niň iň güýç­li tür­gen­le­ri bi­len bäs­le­şip, uly sport tej­ri­be­si­ne eýe bo­lar­lar.
In­di olar Bü­tin­dün­ýä olim­pi­ýa oýun­la­ryn­da öz­le­ri­niň mak­sa­da ok­gun­ly­ly­gy­ny gör­kez­me­li. Biz il­deş­le­ri­miz­den aja­ýyp ýe­ňiş­le­re ga­raş­ýa­rys. Şeý­le ýe­ňiş­le­re, türk­men spor­tu­nyň ösü­şi­ne hem­me ta­rap­dan uly gol­daw ber­ýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ta­ra­pyn­dan he­mi­şe ýo­ka­ry ba­ha be­ril­ýär. Türk­men spor­tu­nyň ab­ra­ýy­ny tu­tuş dün­ýä ýü­zün­de ýo­ka­ry gö­ter­ýän ýur­du­my­zyň iň go­wy tür­gen­le­ri­ne gu­jur-gaý­rat­la­ry, us­sat­lyk­la­ry üçin mil­li Li­de­ri­mi­ziň ýo­ka­ry hö­kü­met de­re­je­sin­dä­ki sy­lag­la­ry we baý­rak­la­ry ber­me­gi ola­ry tä­ze ýe­ňiş­le­re we üs­tün­lik­le­re ruh­lan­dyr­ýar.