Üç rekord birden goýdy

124

Şweýsariýaly akrobat Freddi Nok Alp daglarynyň gerişlerinde bir gezekde üç rekord goýdy. Nok ilki bilen 39,1 dereje ýapgyt ýerde 40 metre çenli aralykda deňagramlylygyny saklady. Deňiz derejesinden 3 müň metr beýiklikde hasaba alnan ikinji rekordda 367 metre aralykda ýüpüň üstünde welosiped sürdi. Şeýle hem gözüni daňyp, 151 metr ýöredi. Şwed türgeni mundan soňky rekordyny 5 müň metr belentlikde ballonyň üstünde amala aşyrmagy maksat edinýändigini mälim etdi.