Golaýda ABŞ-nyň Minnesota ştatynda ýerli kitaphananyň ýardamy bilen ilkinji gezek howa ýagdaýyna bagyşlanan çeper edebiýat öýi açyldy. Ol “Cli-Fi Book Club” diýlip atlandyrylýar. Daşky gurşaw baradaky eserler – bu täze edebi žanr bolup, häzirki zaman ekologik meselelerine bagyşlanýar. Bu eserlerde, ozaly bilen, Ýer togalagynyň durnuklylygyny goramak babatda çuňňur oýlanmagy zerur bolan ýaşlara ýüzlenilýär.
Taslama gatnaşyjy ýaşlara, dünýä derejesindäki howanyň özgerişi we maýylganlygyň adamzadyň durmuşyna edýän täsiri barada gürrüň berýän eserleri okamak maslahat berilýär. Taslama gatnaşyjylar öz okan kitaplaryny ştatyň üç sany jemgyýetçilik kitaphanasynda ara alyp maslahatlaşýarlar. Häzirki wagtda dünýäniň ýüzlerçe uniwersitetleri Ýer togalagynyň howa ýagdaýynyň özgermegi boýunça edebiýatlardan dürli sapaklary geçirýärler.