Adam­zat ir­ki dö­wür­ler­den bä­ri as­man ji­sim­le­ri ba­ra­da gy­zyk­la­nyp­dyr. Ge­çen asy­ryň or­ta­la­ryn­dan soň­ra bol­sa, kos­mos gi­ňiş­li­gi­ne uly­ly-ki­çi dür­li en­jam­lar, eme­li hem­ra­lar or­bi­ta çy­ka­ryl­dy. Şeý­le hem kos­mos be­ket­le­ri­ne kos­mo­nawt­lar yzy­gi­der­li gat­na­ýar­lar. Adam­za­dyň Aýa aýak ba­sa­ny­na bol­sa ýa­rym asyr­dan gow­rak wagt geç­di. In­di bol­sa has uzak­da­ky as­man ji­sim­le­ri­ne we pla­ne­ta­lar gi­dip gör­me­giň ala­da­sy edil­ýär. Is­len­dik en­ja­my uzak ara­ly­ga ug­rat­mak­da­ky iň esa­sy me­se­le en­ja­myň he­re­ke­ti­ni üp­jün ed­ýän ener­gi­ýa­nyň ýet­mez­çi­lik et­me­gi­dir. Ast­ro­nom­lar bu me­se­lä­ni ara­dan aýyr­mak üçin Gün ýel­ken­le­rin­den peý­da­lan­ma­gy mak­sat edin­ýär­ler. 1977-nji ýyl­da uçu­ry­lan “Voya­ger 2” at­ly eme­li hem­ra 1982-nji ýyl­da Uran pla­ne­ta­sy­nyň go­la­ýyn­da ge­çip, şol wag­ta çen­li bu pla­ne­ta­nyň iň go­la­ýy­na ba­ran en­jam bol­dy. 46 ýyl­dan bä­ri sy­ýa­ha­ty­ny do­wam et­dir­ýän bu eme­li hem­ra hä­zir­ki wagt­da Ýer­den 19,9 mil­liard ki­lo­metr uzak­laş­dy. Uzak ara­ly­ga git­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýän şeý­le eme­li hem­ra­lar örän az ýa­sal­dy. Se­bä­bi şeý­le en­jam­la­ry iş­läp taý­ýar­la­mak we gur­mak azyn­dan on ýyl wagt al­ýar. Şeý­le bo­lan­soň, ba­ha­sy hem gym­mat bol­ýar.bi­ler­men­ler bu me­se­lä­ni Gün şöh­le­si­niň kö­me­gi bi­len çöz­mek­çi bol­ýar­lar. Eme­li hem­ra­la­ra otur­dyl­jak aşa ýe­ňil ýel­ken­ler Gün şöh­le­si­ni yza ser­pik­di­rip, eme­li hem­ra­nyň he­re­ke­ti­ni üp­jün eder. Ýe­ňil ma­te­ri­al­dan ön­dü­ril­me­gi aşa uly he­re­ket­len­di­ri­ji­le­ri ulan­mak ze­rur­ly­gy­ny ara­dan aý­rar. Hä­zir­ki wagt­da bu usu­lyň has ki­çi nus­ga­lyk gör­nüş­le­ri­niň sy­nag­dan ge­çi­ril­ýän­di­gi bel­le­nil­di.

Gü­lä­lek Gan­dy­mo­wa, Türk­me­nis­ta­nyň Oguz han adyn­da­ky in­že­ner-teh­no­lo­gi­ýa­lar uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.