Täze ykdysady seljermeleriň netijelerine görä, Litwa Respublikasy 1 dollary gazanmak üçin sarp edilýän wagtyň mukdary boýunça Ýewropa Bileleşiginiň iň garyp ýurdy diýlip yglan edildi. Bu barada litwa köpçülikleýin habar beriş serişdeleri «Luxembourg Times» neşiriniň maglumatlaryna salgylanmak bilen habar berýärler.
Oksford uniwersiteti tarapyndan işläp düzülen ortaça garyplygy bahalandyrmak usulyýetine laýyklykda, geçen ýylda Litwada 1 dollar gazanmak üçin 76,4 minut zähmet çekmeli bolupdyr. Bu görkeziji ÝB-niň beýleki ýurtlary bilen deňeşdirilende ep-esli ýokarydyr. Mysal üçin, Lýuksemburgda 1 dollary gazanmak üçin bary-ýogy 21 minut, Niderlandlarda 24 minut, goňşy Polşada 44 minut, Estoniýada bolsa 51 minut wagt sarp edilýär.
Şeýlelikde, geçen ýyl Litwa maddy abadançylyk derejesi boýunça Lýuksemburgdan 3,6 esse, Niderlandlardan bolsa, takmynan, 3 esse garyp bolupdyr. Şeýle-de, ýurtda garyplyk töwekgelçiliginiň derejesi 2025-nji ýylda 22,6 göterime ýetip, 653 müňe golaý adam mätäçlik çäginden aşakda ýaşapdyr.