Soňky ýyllarda uçarmansyz uçarlaryň görnüşleri barha artýar. Dürli ululykdaky bu enjamlar diýseň köp maksatlar üçin peýdalanylyp başlandy. 2011-nji ýyldan bäri işlenip taýýarlanýan, mart aýynda köpçülige görkezilen “Volocopter” atly dikuçar ilkinji ýolagçysyny gatnatdy. Onuň synag uçuşy üstünlikli tamamlandy. Bu bolsa, şeýle ulaglaryň diňe ýük ýa-da wideo düşürmek üçin däl-de, ýolagçy gatnatmak üçin hem ulanyljakdygyny görkezýär.
Köp wagtdan bäri işlenip düzülýän “Volocopter” uçuşa doly diýen ýaly taýýar edildi. Ony ýarym dikuçar, ýarym dron (sürüjisiz howa gämisi) diýip atlandyrsa hem bolar. Onuň hereketlendirijileri elektrik energiýasy bilen işleýär. Ýokary göterilmegi üçin 18 sany peri bar. Ony dolandyrmak hem diýseň ýeňil. Ol 20 minutlap uçup bilýär. Ýük göterijiligi 450 kg bolan “Volocopter”-iň ýokary tizligi 100 km/s.
Howa gämisi söwda maksatly satuwa taýýar edildi. Emma munuň üçin ulaga degişli rugsatlaryň berilmegi zerur. Şeýle hem birnäçe kiçiräk synagdan geçmeli bolar.