Fransiýaly heýkeltaraş Konstantin Brankuziniň “La Muse Endormie” (“Ukudaky peri”) atly bürünç eseri Nýu Ýorkdaky “Christie” muzeý öýünde geçirilen auksionda satyn alyndy. Asly rumyn bolan heýkeltaraşyň bu meşhur eseriniň bahasy 57,4 million dollara deň boldy. 1913-nji ýylda tamamlanan heýkeli 1950-nji ýyldan bäri fransuz sungat öwreniji Žak Ulmann saklaýardy. Brankuzi bu heýkeliň 1909–10-njy ýyllarda mermer görnüşini-de ýasapdy. 1876-njy ýylda Rumyniýanyň daglyk obalarynyň birinde dünýä inen Brankuzi “Abstraksionizm” akymynyň iň esasy wekili diýlip görkezilýär. Ömrüniň agramly bölegini Parižde geçiren heýkeltaraşyň 1917-nji ýylda ýasan “Madame LR” atly heýkeli-de 2009-njy ýylda 37,3 million dollara satylypdy.
“Christie” muzeý öýünde geçirilen auksionda diňe bir Brankuziniň heýkeli satylman, eýsem, başga-da birnäçe dürli sungat eserleri satyn alyndy. Satuwa çykarylan 53 eseriň 43-sine müşderi tapyldy. Şolar üçin jemi 289 million dollar tölendi. Satyn alnan sungat eserleriniň arasynda ispaniýaly suratkeş Pablo Pikassonyň 1939-njy ýylda döreden “Femme Assise, Robe Bleue” atly tablosy-da bolup, ol 45 million dollara satyldy.