Mundan laýyk 30 ýyl ozal, şu gün Italiýada geçirilen 14-nji Dünýä Kubogynda Germaniýanyň ýygyndysy çempionlyk gazandy. Rimde oýnalan finalda Argentina bilen duşuşan nemeslere ýeňiş getiren ýeke-täk goly 85-nji minutda penaltiden Andres Breme derwezä girizdi. Dünýä Kubogynyň ýaryşlarynyň iň içgysgynç finaly hasaplanýan oýunda bellenen penalti urgusy hem jeddelli hasaplanýar. Bu oýunda argentinleriň 2 oýunçysy gyzyl kart alýar. Dünýä Kubogynyň finalynda ilkinji gezek gyzyl kart görkezilýär. 2014-nji ýylda-da finalda bolmasa-da, ýarym finalda taryhy duşuşyk oýnalýar. Ýer eýesi Braziliýa Belo Horizonto şäherinde Germaniýadan 7-1 utulyp, finala çykyp bilmedi. Bu olaryň taryhdaky iň uly ýeňlişleriniň biri bolup, Braziliýa çempionaty 4-nji ýer bilen tamamlaýar. Duşuşykda 1 gol geçiren Miroslaw Kloze Dünýä çempionatlaryndaky gollarynyň sanyny 16-a ýetirip, braziliýaly Ronaldonyň rekordyny öz adyna geçirdi.

Şeýle-de şu gün italiýaly derwezeçi Kristian Abbiati, irlandiýaly futbolçy Robbi Kin, russiýaly tennisçi zenan Anastasiýa Myskina dünýä inýär. Galyberse-de, şu gün Liwerpulyň golland derwezeçisi, toparynyň çempionlyklar gazanmagynda esasy rol oýnaýan Wirgil Wan Deýk 29, Tottenhamyň koreýaly hüjümçisi Hyn Min-Son hem 28 ýaşyny doldurýar. Şol bir wagtyň özünde-de mundan 37 ýyl ozal Madridiň golaýynda Hetafe futbol kluby hem esaslandyrylýar.

8-nji iýul

1977 – Italiýaly futbolçy, belli derwezeçi Kristian Abbiati dünýä inýär.

1980 – Irlandiýaly meşhur futbolçy Robbi Kin dünýä inýär.

1981 – Russiýaly tennisçi Anastasiýa Myskina dünýä inýär.

1983 – Ispaniýanyň “Hetafe” (Madrid) futbol topary esaslandyrylýar.

1990 – Futbol boýunça Italiýada geçirilen 14-nji Dünýä Kubogynyň finalynda Germaniýanyň ýygyndysy Argentinany Andres Bremeniň 85-nji minutdaky penalti goly bilen 1-0 ýeňýär.

1991 – Niderland futbolçysy Wirgil wan Deýk dünýä inýär.

1992 – Koreýaly ýyldyz futbolçy Hyn Min-Son dünýä inýär.

2014 – Futbol boýunça Braziliýada geçirilen 20-nji Dünýä Kubogynyň ýarym finalynda Braziliýanyň ýygyndysy Germaniýadan 7-1 hasabynda asgyn gelýär. Duşuşykda bir gezek tapawutlanan Miroslaw Klose Dünýä çempionatlaryndaky 16-njy goluny geçirip, braziliýaly Ronaldonyň rekordyny täzeleýär.