800 uçar öndürer

45

Ýewropanyň “Airbus” kompaniýasynyň peýdasy geçen ýyl 11 göterim pese gaçyp, 3,8 milliard ýewro boldy. Fransiýada we Germaniýada önümçilik kärhanalary bolan kompaniýa geçen ýyl 735 uçary müşderilerine ýetirdi. Kompaniýa 2024-nji ýylda 800 töweregi uçary müşderilerine ýetirmegi maksat edinýär. Kompaniýanyň geçen ýylky peýdasy ozalky ýyldakydan pes hem bolsa iň girjedejili ýyllaryň biri boldy. “Airbus” 2022-nji ýylda 4,2 milliard ýewro peýda gazanyp, bu ugurda rekord goýupdy. Geçen ýyl kompaniýa 2 müň 094 uçar sargydy alyp, 2013-nji ýyldaky rekordy täzeläpdir. Iň köp “A320” hem-de uzak aralyga uçýan “A350” uçarlary sargyt edilipdir. Uçar öndürijisiniň peýdasy azalan hem bolsa, girdejisi ýokarlanypdyr. Geçen ýyl “Airbus”-yň girdejisi 11 göterim artyp, 65,4 milliard ýewro çykypdyr. Täjirçilik uçarlaryndan alýan girdejisi 15 göterim köpelipdir.
“Airbus Helicopters” bölümi bolsa, 2023-nji ýylda 346 dikuçary alyjylara ýetiripdir. Bu bölümiň girdejisi 4 göterim ýokarlanypdyr. Kompaniýa kosmos pudagynda hem iş alyp barýar.

Röwşen Atajanow, Türkmen döwlet mäliýe institutynyň talyby.