31.1 C
Ashgabat

KROSSWORD


Krosswordyň soraglary

1. Geň, täsin, haýran galdyryjy.
2. Awstraliýanyň esasy ilatyny düzýän halk.
3. Dürli agaçlaryň gür biten ýeri, baglyk.
4. Afrikada doglan, şol ýerde ýaşaýan.
5. Argentinanyň ilaty, ýaşaýjylary.
6. Asyrlaryň dowamynda.
7. Gülli keçeleriň ortasyna basylýan, goçuň şahy ýaly aýlawly nagyş.
8. Afrikada bir döwlet
9. Suwulgana meňzeş kiçijik ala reňkli süýreniji.
10. Keýik owlagynyň, owlagyň, çebşiň, guzynyň aşygy
11. "... döwlet geler bolsa, bagşy bilen ozan geler" (nakyl)
12. Biriniň daş görnüşi, üst-başy
13. Hemişeki, öňki.
14. Maý, çeme, oňaýly pursat.
15. Ymgyr köp, ummasyz.
16. Akan-dökän, ýykan-ýumran.
17. Özge, başga.
18. Aýakgap tikýän ussa, köwüş tikýän ussa.
19. Güýji peslik, döwi peslik, ejizlik.
20. Türkmen halk ertekisi.
21. Aýakma-aýak paýlaşmak, her kim bir aýagyny almak.
22. Pugta, mäkäm
23. Gaty gowy, örän oňat.
24. Köne-sana goş-golam, döwük-ýenjik zatlar.
25. At ýaryşdyrmak arkaly geçirilýän milli oýun, ýaryş.
26. Günäli, günäkär, ýazykly.
27. Uzyn we gysga çekimlili bogunlaryň belli bir tertipde gezekleşip gelýän şygyr ölçeginiň ady.
28. Gyz-gelinleriň bäş barmagynyň bäşisine dakylýan bezeg şaýy
29. Nyşana ok atmak, mergençilige türgenleşmek üçin ýörite ýer.
30. Gyzdyrylan demri tutmak üçin uzyn saply, agzy egreldilen gural.