1872-nji ýylyň 20-nji fewralynda Nýu-Ýorkda “Metropolitan Museum of Art” muzeýi açylýar. Metropoliten sungat muzeýi amerikaly suratkeşleriň başlangyjy bilen döredilýär. Ilkibaşda muzeýde ne bina, ne kolleksiýa, ne-de serişde bardy. Şol gün şäheriň bäşinji awenýusynda uly bolmadyk binada suratlar galereýasynyň ilkinji sergisi açylýar. Sergi Brýusselden satyn alnan 100, Parižden we Belgiýadan getirilen 74 suratdan ybaratdy. Suratlar italýan, fransuz, ispan, niderland, iňlis, flamand suratkeşlere degişlidi. Soňra Merkezi seýilgähde 12 sergi zaly bolan üç gatly ýörite bina gurulýar. Şeýlelikde, muzeýiň binagärlik toplumy tamamlanýar. Muzeýdäki ekspozisiýalaryň üsti amerikan medeniýetine goşant goşmak isleýän kolleksiýaçylar tarapyndan sowgat edilen suratlar bilen ýetirilýär. Şeýle hem sergide dünýäniň dürli ýerlerinden getirilen, dürli medeniýetlere degişli suratlar we heýkeller bar. Metropoliten häzirki wagtda dünýäniň dördünji uly sungat muzeýi hasaplanýar.