Film dün­ýä­si­niň iň ab­raý­ly sy­la­gy bo­lan Os­kar baý­rak­la­ry­nyň 90-njy ge­zek­ki gow­şu­ry­lyş da­ba­ra­sy gel­jek ýy­lyň 4-nji mar­tyn­da ge­çi­ri­ler. Oskaryň arzyly baý­rak­la­rynyň bi­ri bo­lan da­şa­ry ýurt di­lin­dä­ki iň go­wy film sy­la­gy­nyň il­kin­ji da­laş­gär­le­ri­niň sa­na­wy mä­lim edil­di. 84 ýur­duň her­sin­den bir ki­no da­laş­gär gör­ke­zi­lip, ola­ryň ara­syn­dan La­os we Mo­zam­bik döw­let­le­ri­niň film­le­ri il­kin­ji sa­par sa­na­wa alyn­dy. Ýy­lyň ahy­ryn­da şol 84 fil­miň ara­syn­dan 9-sy fi­nal tap­gy­ry­na saýlanar. Olar­da­nam 5-si ýan­war aýy­nyň ahyr­la­ryn­da Os­ka­ryň beý­le­ki da­laş­gär­le­ri bi­len mä­lim edi­ler. Da­laş­gär gör­ke­zi­len­le­riň ara­syn­da dün­ýä bel­li akt­ri­sa An­je­li­na Jo­li­niň re­žiss­ýor­lyk eden soň­ky fil­mi “Olar ilki meniň kakamy öldürdiler” (First They Kil­led My Fat­her) hem bar. Film ge­çen asy­ryň 70–80-nji ýyl­la­ryn­da Kam­bo­ja­da bo­lup ge­çen wa­ka­lar ba­ra­da gür­rüň ber­ýär. Bu ek­ran ese­ri Kam­bo­ja döw­le­ti­niň adyn­dan we­kil­çi­lik eder. Şeý­le-de Os­ka­ryň eýe­si, awst­ri­ýa­ly re­žiss­ýo­r Maýkl Ha­ne­ke­niň “So­ňy ha­ýyr­ly” (Hap­py End), ger­ma­ni­ýa­ly Fa­tih Aky­nyň “Sol­gun” (In the Fa­de), rus­si­ýa­ly And­reý Zwýa­gin­se­wiň bir­nä­çe baý­rak­ly ki­no­sy “Söý­gü­siz” (Loveless), pol­şa­ly Ag­ni­eş­ka Hol­lan­dyň “Ýa­ba­ny haý­wa­nyň yzy” (Po­kot) ýa­ly film­ler bar.