Ki­no sun­ga­ty­nyň iň köp gir­de­ji ga­za­nan fil­mi “Awa­ta­ryň” tä­ze bö­lüm­le­ri­ne to­ma­şa­çy­lar 8 ýyl­dan bä­ri ga­raş­ýar. “Awa­ta­ryň” muş­dak­la­ry 2-nji film üçin ýe­ne-de 3 ýy­la go­laý ga­raş­ma­ly bo­lar­lar. Go­laý­da fil­miň re­žiss­ýo­ry, prod­ýu­se­ri Jeýms Ka­me­ron tä­ze bö­lüm­le­ri ek­ran­laş­dyr­mak iş­le­ri­ne res­mi ýag­daý­da ba­dal­ga ber­len­di­gi­ni ha­bar ber­di. Us­sat ki­no­çy­nyň bel­le­me­gi­ne gö­rä, ýe­ne-de 4 sa­ny “Awa­tar” fil­mi­ni su­ra­ta dü­şür­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär. “De­ad­li­ne” in­ter­net saý­ty­nyň ha­bar ber­me­gi­ne gö­rä, 4 film üçin 1 mil­liard dol­lar­lyk çyk­da­jy edi­ler. Bi­ler­men­ler tä­ze “Awa­tar” film­le­ri­niň şol çyk­da­jy­nyň öwe­zi­ni aňry­ýa­ny bi­len dol­durjak­dygy­na berk ynan­ýar­lar. Fil­miň esa­sy ön­dü­ri­ji­si hök­mün­de “20th Cen­tu­ry Fox” şe­re­ke­ti çy­kyş ed­ýär. “Awa­tar 2” fil­min­de Sem Wor­ting­ton, Zou Sal­da­na, Si­gor­ni Wi­wer, Ste­fen Lang hem-de Kliff Kur­tis da­gy esa­sy keşp­le­ri jan­lan­dy­rar. “Awa­tar” film­le­ri­niň pro­ka­ta çy­ka­ryl­jak wagt­la­ry: “Awa­tar 2” – 18-nji de­kabr 2020-nji ýyl, “Awa­tar 3” – 17-nji de­kabr 2021-nji ýyl, “Awa­tar 4” – 20-nji de­kabr 2024-nji ýyl, “Awa­tar 5” – 19-njy de­kabr 2025-nji ýyl.