“Türkmenistan” awiakompaniýasynyň Aşgabat – London aralygynda gatnaýan ýolagçy uçarlary 3-nji aprelden başlap, şäheriň Hitrou däl-de, Gatwik aeroportyna gonup başlar. Görkezilen seneden başlap “Boeing 777-200LR” kysymly ýolagçy uçarlary hepdede bir gezek howa gatnawyny amala aşyrar. Bu barada dünýädäki awiakompaniýalaryň uçuş tertibindäki üýtgeşmeler bilen habarly etmäge ýöriteleşen “AeroRoutes” kompaniýasy habar berýär.
T5423 ASB1200 – 1510LGW 77L 3
T5424 LGW1655 – 0300+1ASB 77L 3
Londonyň Gatwik howa menzili (LGW), Angliýanyň paýtagt sebitine hyzmat edýän alty sany esasy howa menzilleriniň biri bolup, Hitroudan soň ýurtdaky iň işjeň ikinji howa menzilidir. Londonyň merkezinden takmynan, 45 km uzaklykda ýerleşýän bu howa menzili “British Airways” kompaniýasy üçin merkez bolup hyzmat edýär. Bu ýere “Emirates”, “Turkish Airlines” we beýleki iri awiakompaniýalaryň uçarlary gonýar.