Dün­ýä bel­li MTV aý­dym-saz te­le­ýaý­ly­my bu ýy­lyň Ýew­ro­pa aý­dym-saz baý­rak­la­ry­nyň da­laş­gär­le­ri­niň sa­na­wy­ny äş­gär et­di. 1994-nji ýyl­dan bä­ri gow­şu­ry­lyp ge­lin­ýän MTV Ýew­ro­pa aý­dym-saz baý­rak­la­ry­nyň bu ýyl­ky­syn­da Teý­lor Swift bi­len Şawn Men­des iň köp ugur­da da­laş­gär gör­ke­zi­len aý­dym­çy­lar bol­dy. Ame­ri­ka­ly ze­nan aý­dym­çy Swift 6, Men­des bol­sa, 5 ugur­dan da­laş­gär­li­ge hö­dür­len­di. Maý­li Saý­rus, Kend­rik La­mar, Ed Şi­ran, Aria­na Gran­de, Jas­tin Bi­ber hem-de Keý­ti Per­ri ýa­ly meş­hur aý­dym­çy­lar hem dür­li ugur­lar­dan da­laş­gär gör­ke­zil­di. Iň go­wy aý­dym ug­run­da Klin Ban­di­tiň “Rocka­bye”, DJ Ha­le­diň “Wild Thoughts”, Ed Şi­ra­nyň “Sha­pe of You”, Lu­is Fon­si­niň “Des­pacito”, Şawn Men­de­siň “The­re’s Not­hing Hol­din’ Me Back” aý­dym­la­ry da­laş­gär diý­lip bel­len­di. “Foo Figh­ters”-iň “Run”, Keý­ti Per­ri­niň “Bon Ap­pe­tit”, Kend­rik La­ma­ryň “Humb­le”, Kaý­le­niň “iS­py” hem-de Teý­lor Swif­tiň “Lo­ok What You Ma­de Me Do” at­ly şe­kil­li aý­dym­la­ry-da iň go­wy wi­deo baý­ra­gy ug­run­da bäs­le­şer­ler. Iň go­wy aý­dym­çy diý­len ugur­da-da Aria­na Gran­de, Ed Şi­ran, Kend­rik La­mar, Maý­li Saý­rus, Şawn Men­des hem-de Teý­lor Swift da­laş­gär gör­ke­zil­di. Iň go­wy tä­ze aý­dym­çy baý­ra­gy­ny-da Dua Li­pa, Ju­lia Mi­kaels, Ha­lid, Kaý­li, Rag’n’Bo­ne da­gy­nyň haý­sy hem bol­sa bi­ri alar. 24-nji MTV Ýew­ro­pa aý­dym-saz baý­rak­la­ry­nyň gow­şu­ry­lyş da­ba­ra­sy 12-nji no­ýabr­da Lon­don­da­ky “Wemb­li” sta­dio­nyn­da ge­çi­ri­ler. Da­ba­ra­ny meş­hur aý­dym­çy Ri­ta Ora alyp ba­rar.