UEFA Ýewropa Ligasynda çärýek finalyň jogap duşuşyklary geçirildi. Italiýada oýnalan “Atalanta”–“Liwerpul” duşuşygynda iňlis kluby 1-0 hasabynda ýeňiş gazandy. Salahyň 7-nji minutda penaltiden geçiren goly bilen gazanylan bu ýeňiş Kloppuň şägirtlerine ýarym finala çykmak üçin ýeterlik bolmady. Birnäçe amatly pursatlardan peýdalanyp bilmedik “Liwerpul” 1-nji oýunda öz meýdançasynda garaşylmadyk ýagdaýda 3-0 hasabynda utulypdy. Çempionlygyň esasy dalaşgärini ýaryşdan çykaran “Atalanta” jogap duşuşygynda wagtal-wagtal howply hüjümler gurasa-da, berk goranmagy başardy. Şunlukda, “Atalanta” topary 1987/88 möwsüminde şol wagtky Kubokçylaryň Kubogy ýaryşynyň ýarym finalyndan soň, 2-nji gezek UEFA-nyň ýaryşlarynda adyny iň gowy 4 toparyň hataryna goşmagy başardy.