Go­laý­da dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi meş­hur is­pan ýa­zy­jy­sy Mi­gel de Ser­wan­tes Saa­wed­ra­nyň ýu­bi­le­ýi­ni bel­läp geç­di. Ol 1547-nji ýy­lyň 29-njy sent­ýab­ryn­da ga­ryp ga­lan dwor­ýan maş­ga­la­syn­da dün­ýä in­ýär. Onuň te­bip ka­ka­sy idal­go Rod­ri­go de Ser­wan­tes, eje­si Don­ýa Leo­nor de Kor­ti­na gelip çykyşlary boýunça dwor­ýa­n maşgalasyndan bo­lup­dyr.
Ser­wan­te­siň dur­mu­şy­nyň ir­ki dö­wür­le­ri ba­ra­da az mag­lu­mat­lar sak­la­nyp ga­lyp, hat­da onuň dog­lan se­ne­si hem çen bi­len goý­lan. Ser­wan­tes ýaş­lyk­da Is­pa­ni­ýa­nyň de­ňiz güýç­le­rin­de gul­luk ed­ýär. 1571-nji ýyl­da Le­pan­to­nyň go­la­ýyn­da bo­lan agyr sö­weş­de üç ýe­rin­den ok de­gip ýa­ra­lan­ýar.
Ol Ýew­ro­pa­nyň ta­ry­hyn­da yz gal­dy­ran wa­ka gat­na­şan­ly­gy­na he­mi­şe buý­sa­nyp­dyr. Ge­l­jek­ki ýa­zy­jy wa­ta­nyna do­la­nyp ge­len­den soň, al­žir­li­le­re bäş ýyl ýe­sir dü­şüp, agyr kyn­çy­lyk­la­ra döz gel­me­li bol­ýar. Ol ýe­sir­lik­de­kä 4 sa­par gaç­ma­ga sy­na­ny­şyp, gud­rat bi­len ölüm je­za­syn­dan syp­ýar.
Serwantes özü­niň be­ýik ese­ri­ni 38 ýa­şyn­da ýaz­ma­ga gi­riş­ýär. Ol şo­ňa çen­li gü­nü­ni aý­la­mak mak­sa­dy bi­len yh­las­ly iş­läp, dür­li gör­gi-bet­bagt­çy­lyk­la­ry baş­dan ge­çir­ýär. Onuň ser­gez­dan dur­mu­şy be­ýik ese­ri­ne mag­lu­mat top­la­ma­ga ýar­dam ber­ýär. Geň ýe­ri “Ýeser idalgo Don Kihot lamançalynyň” ägirt uly üs­tün­li­gi oňa hiç hi­li mad­dy bäh­bit ge­tir­me­ýär, ter­si­ne, duş­man­çy­lyk­ly ga­ra­ýyş­la­ry has-da art­dy­ryp, yzar­lan­ma­la­ra se­ze­war bol­ýar. Ol bu eser­inden soň­ra, dür­li no­wel­la­la­ry, poe­ma­la­ry, ýe­ne-de bir ro­man ýa­zyp, ýa­zy­jy­lyk işi­ni öm­rü­niň ahy­ry­na çen­li do­wam et­dir­ýär.
“Ýeser idalgo Don Kihot lamançalynyň” aw­to­ry 69 ýa­şy­nyň için­de ara­dan çyk­ýar. Ýa­zy­jy öl­me­zi­niň öňü­sy­ra­syn­da Mad­ri­de gö­çüp bar­ýar. Şol döw­rüň däp­le­ri­ne gö­rä, ara­dan çy­kan se­ne­si­ne de­rek jaý­la­nan gü­ni, ýagny, ýa­zy­jy­nyň dün­ýä­si­ni tä­ze­län gü­ni 1616-njy ýylyň 23-nji apreli diý­lip bel­li­ge al­nan eken.
2016-njy ýylda be­ýik ýa­zy­jy­nyň ara­dan çy­kan gü­nü­niň 400 ýyl­ly­gy bel­le­nip ge­çil­di. Şon­da Is­pa­ni­ýa­ly bi­ler­men­le­riň ge­çi­ren met­bu­gat kon­fe­ren­si­ýa­syn­da Mad­rid­dä­ki de las Tri­ni­ta­ri­as yba­dat­ha­na­syn­dan ta­py­lan je­se­diň meş­hur ýa­zy­jy Mi­gel de Ser­wan­te­se de­giş­li­di­gi res­mi mä­lim edil­di. Onuň gu­bu­ry­nyň ýü­zün­de MS di­ýen ýaz­gy bar eke­ni. Onuň bar­lag iş­le­ri bir­nä­çe aýa çe­kip, bu iş bo­ýun­ça ant­ro­po­lo­gik, ar­heo­lo­gik we ta­ry­hy sel­je­riş iş­le­ri­niň ne­ti­je­le­ri­niň äh­li­si be­ýik ýa­zy­jy­nyň duw­la­nan ýe­ri­niň ahyr so­ňy ta­py­lan­dy­gy­ny tas­syk­la­dy. Esa­san hem, sak­la­nyp ga­lan res­mi­na­ma­lar­dan bel­li bol­şu­na gö­rä, Ser­wan­te­siň 6 di­şi bo­lup, bir eli hem ys­maz eke­ni. Ýa­zy­jy­nyň jaý­la­nan anyk ýe­ri hem nä­bel­li­li­gi­ne gal­ýar­.
Ser­wan­te­siň ýa­dy­gär­li­gi di­ňe 1835-nji ýyl­da Mad­rid­de di­kel­di­lýär. Onuň pýe­des­ta­lyn­da la­tyn di­lin­de “Is­pan şa­hyr­la­ry­nyň şa­sy, Mi­gel de Ser­wan­tes” di­ýen ýaz­gy bar. Bu yn­san özü­niň öl­mez-ýit­mez ese­ri­ “Ýeser idalgo Don Kihot lamançalynyň” gah­ry­man­la­ry­nyň üs­ti bi­len bü­tin adam­za­da agynyň ara­syn­da gül­ki paý­la­dy.