Dürli awtoulaglary bilen görenleri haýrana goýýan Dubaýyň polisiýa bölümi täze “agzasy” bilen ulaglarynyň üstüni ýetirdi. “Ferrari”, “Lamborghini”, “Aston Martin” we “Bugatti” diýlende ilki bilen awtoulag sport ýaryşlary, ýa bolmasa, awtoulag sergileri göz öňüňe gelýär. Emma ugrumyzy Birleşen Arap Emirliklerine öwrenimizde bu dünýä belli brendlere Dubaýyň polisiýa bölümlerinde has köp gabat gelmek bolýar.
Polisiýa işgärleri tehnologiýanyň soňky gazananlaryndan peýdalanmak bilen, ýakyn wagtda täze “agzasyny” hem hataryna goşmagy meýilleşdirýärler. Ýörite geçirilen çärede täze uçýan motosikl tanyşdyryldy. “Hoversurf” topary tarapyndan ýasalyp, kämilleşdirilen ulag dron–motosikl–dikuçar pikiriniň bir ýere jemlenmeginden döredildi. 5 metr belentlikde, sagatda 70 km tizlige ýetip bilýän ulag 300 kg ýüki daşamaga ukyply. Ol doldurylan batareýasynyň güýji bilen howada 20–25 minut galyp bilýär. Ony sürüjisiz uzakdan ugrukdyrmak arkaly 6 km aralykdan dolandyryp bolýar. Häzirlikçe uçýan motosikliň haçan işe goýberiljekdigi barada anyk maglumat berilmedi.