Akyl­ly sa­gat­la­ryň ba­ta­re­ýa­sy­nyň güý­ji köp­le­ri ýa­kyn­dan gy­zyk­lan­dyr­ýan bol­sa ge­rek. Hä­zir­ki wagt­da bu sa­gat­la­ryň en­çe­me­si­niň zar­ýa­dy­nyň bir-iki gü­ne ýet­ýän­li­gi­ne ga­ra­maz­dan, klas­syk sa­gat­la­ryň zarýadynyň ençeme aýa,­ hatda, ýyl­la­ra ýet­ýän­di­gi köp­le­re mä­lim­dir.
“Lu­nar” şe­re­ke­ti­ tä­ze tas­la­ma­sy bo­lan “Kickstar­ter”, esasynda dün­ýä­de Gün ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän il­kin­ji “akyl­ly” sa­ga­dy ön­dür­di. As­lyn­da bu tä­ze bir tas­la­ma däl. “Casio” we “Citi­zen” şe­re­ket­le­ri­niň hem bu ba­bat­da tej­ri­be­le­ri bar. Em­ma “Lu­nar” bu ba­bat­da öňe geç­me­gi ba­şar­dy. Bu sa­gat ýag­ty­lyk­dan zar­ýad al­ýar. Onuň gün­de bir sa­gat ýag­ty­lyk­da gal­ma­gy ýe­ter­lik. Sa­ga­dyň iş­le­ýiş ul­ga­my uky re­ži­mi, reňk­li LED ar­ka­ly duý­du­ryş sig­nal­la­ry we dün­ýä­dä­ki wagt öl­çeg­le­ri­ni aw­to­ma­tik saz­la­mak uky­by bi­len üp­jün edi­len. Daş keşbi ba­bat­da-da ýö­ne­keý­je ga­ra reňk­li ek­ran gör­nü­şi­ne eýe bo­lup, göw­re­si 41 mm pos­la­ma­ýan po­lat­dan ýa­sa­lan. Şe­re­ke­tiň önüm­le­ri­niň il­kin­ji ge­zek 2017-nji ýy­lyň de­kabr aýyn­da sa­tu­wa çy­ka­ryl­jak­dy­gy mä­lim edil­di.