Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän şähergurluşyk maksatnamasy Aşgabady dünýäniň iň gözel, adamlaryň ýaşamagy, işlemegi, dynç almagy üçin iň amatly şäherleriň birine öwürmäge gönükdirilendir. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde bolşy ýaly, bu ýerde hem “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyndan” gelip çykýan wezipeleri yzygiderli durmuşa geçirmek, ýeňilleşdirilen karz serişdeleriniň hasabyna gurulýan döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň gerimini giňeltmek, tutuş ýurtda ýol-ulag hereketini sazlaşykly ýola goýmak meseleleri döwlet durmuşynyň gün tertibinde duran baş wezipelerdir. Paýtagtymyzda şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli amala aşyrylmagy, iň häzirki zaman düzümi özünde jemleýän şäher gurşawynyň kemala getirilmegi, adamlar üçin oňaýly ýaşaýyş we dynç alyş şertlerini döretmek Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň nyşanyna öwrüldi.
Döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly 26 ýyllygynyň öň ýanynda bagtyýarlyk döwrümiziň asylly däplerine laýyklykda, ýurdumyzda täze desgalaryň ençemesiniň açylyş dabaralary boldy. Bu dabaralar ençeme ildeşlerimiziň ýaşaýyş jaý toýlary bilen utgaşyp gitdi. Şol günlerde hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen, paýtagtymyzyň günortasynda kemala getirilen Aşgabady ösdürmegiň nobatdaky 15-nji tapgyrynyň desgalary ulanylmaga berildi.
Paýtagtymyzy dünýäniň iň owadan we ýaşaýyş üçin amatly şäherleriniň hataryna çykarmaga gönükdirilen Aşgabadyň şähergurluşyk maksatnamasy öz wagtynda we bellenilen talaplara laýyklykda alnyp barylýar. Soňky ýyllarda paýtagtymyzyň tutuş etraplary, onuň taryhy merkezi döwrebaplaşdyryldy. Täze ýaşaýyş jaý toplumlary emele geldi. Özboluşly binagärlik keşbi bolan desgalary özünde jemleýän ýüzlerçe ymaratlar bina edildi. Köpsanly binalarymyz halkara derejesinde geçirilýän binagärlik bäsleşikleriniň abraýly baýraklaryna mynasyp boldy.
Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan düýpli özgertmeleriň öň hatarynda bolmak bilen, Aşgabadyň keşbi gözümiziň alnynda özgerýär we giň möçberli gurluşyklary bilen haýran galdyrýar. Hormatly Prezidentimiziň çözgüdine laýyklykda, ýokary amatlyklary bolan we otaglarynyň ýerleşdirilişi gowulandyrylan belent ýaşaýyş jaýlary bilen bir hatarda kottej görnüşli jaýlar hem gurulýar. Aşgabady ösdürmegiň nobatdaky 15-nji tapgyrynyň düzüminde ulanmaga berlen täze kottej jaýlar toplumynyň düzüminde iki gatly kottej jaýlarynyň 208 sanysy, 3 we 4 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 16-sy guruldy. Olar ähli ölçegler boýunça häzirki zaman ülňülerine doly laýyk derejede bina edilendir. 2 we 4 gatly kottej jaýlarynyň binagärlik keşbi, içki bezeg aýratynlyklary, gurluşykda ulanylan täze hilli, owadan görnüşli hem-de berkligi bilen tapawutlanýan örtük serişdeleri Aşgabadyň şähergurluşyk keşbine aýratyn öwüşgin çaýýar.
Ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuşy üçin has oňaýly şertleri döretmek milli Liderimiziň toplumlaýyn özgertmeleriniň özenini düzýär. Aşgabady ösdürmegiň 15-nji tapgyrynyň çäklerinde ähli amatlyklar göz öňünde tutulan 72 öýli 12 gatly jaýlaryň 12-si hem-de 48 öýli 12 gatly jaýlaryň 6-sy, söwda merkezleriniň 11-si, 600 orunlyk umumybilim berýän mekdep we 160 orunlyk çagalar bagy gurlup, ulanylmaga berildi. Degişli inžener-aragatnaşyk we ýol-ulag düzümi göz öňünde tutuldy, zerur tehniki ulgamly täze ýollar çekildi. Desgalaryň ýanaşyk ýerleri doly abadanlaşdyryldy we bagy-bossanlyga büreldi.
Çagalaryň arassa howada oýnamaklary üçin çagalar meýdançalary, işjeň dynç almagy halaýanlar üçin bolsa, ýörite sport meýdançalary, jemgyýetçilik çärelerini geçirmek üçin desgalar göz öňünde tutuldy. Şäheriň bu böleginde täze seýilgäh peýda boldy. Bu ýerde körpeleriň wagtyny gyzykly we peýdaly geçirmegi, sazlaşykly ösmegi üçin ajaýyp şertler döredildi.
Hormatly Prezidentimiziň arhitektorlyk zehininiň netijesinde özüne mahsus gurluş aýratynlygy bilen tapawutlanýan Aşgabat şäheriniň beýleki etraplarynda kemala gelýän binagärlik düzümleriniň hatarynyň täze döredilen etraplaryň çägine hem sazlaşykly utgaşyp gidýändigini, öňki şäherýaka obalaryň indi gözümiziň alnynda paýtagt derejesindäki ýaşaýyş toplumlaryna öwrülip barýandygyny synlamak her bir raýatymyzyň göwnüni galkyndyrýar.
Ýurdumyzyň baş şäherini mundan beýläk hem ösdürmek we onuň çägini giňeltmek bilen bagly meselelerde paýtagtymyzyň ulag-aragatnaşyk ulgamyna hem möhüm orun degişlidir. Paýtagtymyzda we onuň töwereklerinde ýollarda ulag gatnawlarynyň sazlaşygyny üpjün etmek, ýol-ulag desgalaryny häzirki döwrüň talaplaryna we halkara ülňülerine laýyk derejede bina etmek işlerine uly üns berilýär. Täze döredilýän ýaşaýyş toplumlarynda täze awtomobil duralgalaryny, suw çüwdürimlerini, seýilgähleri gurmak, öňküleri döwrebaplaşdyrmak, durkuny täzelemek işleri hem alnyp barylýar.
Paýtagtymyzda gurulýan desgalar özboluşly binagärlik toplumyny emele getirip, olaryň biri-biri bilen sazlaşmagy Aşgabadyň täze keşbiniň ajaýyp aýratynlygydyr. Ösüşleriň belentliklerine bedew bady bilen barýan döwrümiziň ajaýyp nyşanyna öwrülen Aşgabadyň çäginiň barha giňäp, öňki boş ýatan ýaýlalaryň, boz meýdanlaryň adamlaryň iň gowy şertlerde ýaşamagy, ösüp-örňemegi üçin giň mümkinçilikleriň döredilýän jenneti mekanyna öwrülýändigine buýsanjyň artýar. Nesip bolsa, hormatly Prezidentimiziň döredijilikli zehini, agzybir halkymyzyň yhlasy bilen, türkmeniň ak ertirleriniň, ak umytlarynyň nyşanyna öwrülen Aşgabat şäheri geljek ýyllarda has-da gözelleşer!
Gözel Allanazarowa,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.