Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda örän gysga döwrüň içinde bitirilen asyrlara barabar işler ýurdumyzyň at-abraýyny älem-jahana ýaýyp, onuň dünýä ýüzündäki ýokary ornuny kesgitledi. Ösüşleriň täze belentliklerine barýan häzirki döwrümizde milli Liderimiziň öňdengörüjilikli syýasaty, ýokary akyl-paýhasy bilen durmuşa ornaşdyrylýan beýik işler älem-jahany haýrana goýýar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallasy bilen halkymyzyň uzak asyrlaryň dowamynda kemala gelen milli gymmatlyklary bagtyýar raýatlarymyzyň ruhy dünýäsine galkynma berip, buýsanjyna buýsanç goşýar. Şeýle gymmatlyklaryň naýbaşylarynyň biri hökmünde gözellikde, ýyndamlykda, çydamlylykda hem-de eýesine wepalylykda dünýä belli bolan ahalteke bedewlerimizi buýsanç bilen görkezmek bolar. Ýokary ösüşlere beslenýän häzirki bagtyýarlyk döwrümiziň ahalteke bedewleriniň badyna deňelmeginiň özi-de çuňňur mana we sazlaşyga eýedir.
Hormatly Prezidentimiz: “Türkmen atlarynyň – meşhur ahalteke bedewleriniň şan-şöhraty asyrlarboýy äleme dolup gelýär. Behişdi bedewlerimiz dünýäde bahasyny hiç zat bilen ölçäp bolmajak gymmatlykdyr” diýip, jaýdar belleýär. Muny ýüzýyllyklaryň dowamynda döredilen taryhy ýazgylar hem äşgär subut edýär. Biziň eýýamymyzdan öňki V asyrda ýaşap geçen gadymy grek taryhçysy Gerodotyň maglumatlaryna görä, biziň atlarymyz taryhda “Nusaý atlary”, “Uçmaga ukyply atlar” diýlip atlandyrylypdyr. Soňraky döwürlerde bolsa, türkmen bedewleri “Asmandan inen atlar”, “Ganatly atlar”, “Sähra eýeleriniň atlary” hökmünde tanalypdyr. Munuň özi sähraýy türkmenleriniň ýaşaýyş-durmuşy bilen baglanyşyklydyr.
Behişdi ahalteke atlaryna uzak asyrlaryň edebiýatynda hem giň orun berlipdir. XI asyryň meşhur eseri hökmünde dünýä edebiýatynyň genji-hazynasyna giren “Kowusnama” eserinde, türkmen halkynyň ruhy dünýäsiniň ganaty bolan “Gorkut ata” , “Görogly” şadessanlarynda, nusgawy edebiýatymyzyň Magtymguly Pyragy, Seýidi, Mätäji ýaly uly wekilleriniň eserlerinde bedew atlarymyzyň ýyndamlygy, eýesine hemdemligi inçeden yzarlanýar.
Eziz Arkadagymyz özüniň döreden “Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Gadamy batly bedew” atly eserlerinde, “Döwlet guşy” romanynda bedew atlaryň ynsan ruhy bilen sazlaşýan häsiýetlerini, ýel dek uçýan atlaryň dünýä derejesindäki şan-şöhratyny inçelik bilen beýan edýär.
Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur aladasy netijesinde tohum ahalteke atlarynyň ösdürilip ýetişdirilmegine aýratyn üns berlip, ýurdumyzda atçylygy we atçylyk sportuny ösdürmekde dünýä nusgalyk işler durmuşa geçirilýär. 2010-njy ýylda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda ýurdumyzda ahalteke bedewleriniň Halkara atçylyk assosiasiýasynyň döredilmegi, 2011-nji ýylda Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary, Ahal welaýatlarynda döwrebap atçylyk-sport toplumlarynyň gurlup, ulanylmaga berilmegi, 2016-njy ýylyň aprel aýynda Köpetdagyň etegindäki gözel künjekde Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň hem-de Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň “Kärizek” geňeşliginde Aba Annaýew obasynyň açylmagy ýaly uly möçberli işler ýokarda aýdylanlara aýdyň mysaldyr.
Özünde 12 sany athanany, ýaşajyk taýlara tälim bermek üçin ýapyk maneži birikdirýän Halkara ahalteke atçylyk sport toplumy bu ýerde atçylyk pudagyny talabalaýyk ösdürmäge uly mümkinçilikleri berýär. Şeýle işleriň hatarynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda açylan Halkara karantin merkezini hem görkezmek bolar.
Ahalteke atlary – ýurdumyzyň durmuşynyň aýrylmaz bölegi, şan-şöhratymyzyň nyşany.
Şu ýylyň 17–27-nji sentýabry aralygynda milli Liderimiziň başlangyjy esasynda paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň nyşanynda ahalteke bedewiniň şekiliniň ýerleşdirilmegi, dünýä derejesinde geçirilen oýunlaryň meýilnamasyna sportuň konkur görnüşiniň girizilmegi, dürli päsgelçiliklerden geçmekde guralan bu ýaryşlarda bedewlerimiziň älemi haýrana goýmagy halkymyzyň buýsanjyna buýsanç goşdy.
Behişdi bedewlerimiz her bir baýramçylyklarymyzyň, toý-dabaralarymyzyň sarpaly nyşany. Ýaňy-ýakynda milli Garaşsyzlygymyzyň 26 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli guralan dabarada münberiň öňündäki meýdançada ajaýyp ahalteke bedewiniň peýda bolmagy, eziz Watanymyzyň, ähli türkmen halkynyň abadançylygynyň we bagtyýarlygynyň bähbidine alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri üçin çuňňur hoşallygynyň nyşany hökmünde hormatly Prezidentimize egindeşleriniň adyndan uçganaklap duran Melehan atly bedewiň sowgat berilmegi bütin ilimizde guwanç duýgusyny oýardy. Çünki, ajaýyp ahalteke bedewlerimiziň şu günki şöhraty gönüden-göni eziz Arkadagymyzyň yzygiderli tagallalary bilen baglanyşyklydyr.
Hawa, Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda türkmen ahalteke bedewleriniň şan-şöhraty täze belentliklere eýe bolýar. Munuň özi ýurdumyzyň milli gymmatlyklaryna çuňňur uly sarpa goýýandygyny aňladýar.
Goý, bu işleriň gözbaşynda duran Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!
Gurban KULYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba
hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.