Eziz Wa­ta­ny­myz sy­ýa­hat­çy­ly­gyň äh­li gör­nüş­le­ri­ni ös­dür­mek üçin giň müm­kin­çi­lik­le­re eýe­dir. Hä­zir­ki wagt­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ýol­baş­çy­ly­gyn­da Türk­me­nis­tan tä­ze sy­ýa­hat­çy­lyk mer­ke­zi­ne öw­rül­ýär, ýur­du­myz­da sy­ýa­hat­çy­ly­gyň döw­re­bap nus­ga­sy dö­re­dil­ýär. Hal­ky­my­zyň ta­ry­hy-me­de­ni öz­bo­luş­ly­ly­gy, baý mil­li mi­ra­sy, dün­ýä meş­hur türk­men ha­ly­la­ry hem-de ahal­te­ke be­dew­le­ri, ga­dy­my ýa­dy­gär­lik­ler top­lum­la­ry, tä­sin te­bi­gy eko­lo­gi­ýa ul­gam­la­ry sy­ýa­hat­çy­ly­gy ös­dür­mä­ge uly müm­kin­çi­lik ber­ýär. Ýur­du­myz­da sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gy üçin ýaş hü­när­men­ler ýe­tiş­di­ril­ýär.
Di­ýa­ry­myz­da­ky Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ug­run­da ýer­leş­ýän des­ga­lar ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zi­len ýa­dy­gär­lik­le­ri özü­ne bir­leş­dir­ýär. Kö­ne­ür­gen­jiň ýa­dy­gär­lik­le­ri, Aş­ga­ba­dyň aja­ýyp ýer­le­ri, Kö­ne Nu­saý, Ga­dy­my Merw, Ha­zar ýa­ka­sy, Ga­ra­gu­muň gi­ňiş­lik­le­ri, Köý­ten­dag, deň­siz-taý­syz Gar­lyk go­wak­la­ry, Bat­hyz düz­lü­gi köp tä­sin­lik­le­re eýe­dir. “Ga­dy­my Merw” ta­ry­hy-me­de­ni go­rag­ha­na­sy tä­sin ýa­dy­gär­lik­le­ri, ar­heo­log­la­ryň haý­ran gal­dy­ry­jy açyş­la­ry bi­len bel­li­dir. Ga­dy­my Erk ga­la­nyň we Gä­wür ga­la­nyň ha­ra­ba­la­ry, öz üýt­ge­şik gör­nü­şi bi­len haý­ran gal­dyr­ýan Uly we Ki­çi Gyz­ga­la, Mu­ham­med ibn Zeý­diň aram­gä­hi, Sol­tan San­ja­ryň meş­hur aram­gä­hi ýat­dan çyk­ma­jak tä­sir­le­ri gal­dyr­ýar. Aş­ga­ba­dyň ete­gin­dä­ki Kö­ne Nu­saý dün­ýä ta­ry­hy­na di­ňe bir ösen döw­let ul­ga­my bi­len däl, eý­sem, me­de­ni­ýe­tiň ýo­ka­ry de­re­je­si bi­len hem gi­ren Ga­dy­my Par­fi­ýa­nyň paý­tag­ty­dyr.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz 2017-nji ýy­lyň 17-nji few­ra­lyn­da Ru­hy­ýet köş­gün­de ýo­ka­ry döw­let we­zi­pe­si­ne res­mi taý­dan gi­riş­mek da­ba­ra­syn­da eden çy­ky­şyn­da ýur­du­my­zy ös­dür­me­giň stra­te­gi­ýa­sy­ny kes­git­le­di. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz: “Bi­ziň owa­dan dag­la­ry­myz, üm­mül­mez säh­ra­la­ry­myz, aja­ýyp der­ýa­la­ry­myz­dyr köl­le­ri­miz bar. Bu baý­lyk­la­ry­my­zy biz aýaw­ly we ne­ti­je­li ulan­ma­ly­dy­rys. Şu mak­sat­dan ugur alyp, Kö­pet­da­gyň we Köý­ten­da­gyň, Sum­ba­ryň gö­zel jül­ge­le­rin­de, Bat­hy­zyň go­rag­ha­na­ly ýaý­la­la­ryn­da, Amy­der­ýa­nyň, Mur­gap hem-de Ga­ra­gum der­ýa­la­ry­nyň boý­la­ryn­da köp san­ly dynç alyş mer­kez­le­ri­ni gu­rup, adam­la­ryň sy­ýa­hat edip, oňat dynç al­mak­la­ry üçin äh­li şert­le­ri dö­re­de­ris. We­la­ýat mer­kez­le­ri­ne bar­ýan ýol­la­ryň ug­run­da her 40-50 ki­lo­metr­den, äh­li şert­le­ri bo­lan dynç alyş mer­kez­le­ri­ni – gür bag­ly­ga bü­re­nen çaý­ha­na­la­ry, öz­bo­luş­ly kem­ping­le­ri – çak­laň myh­man­ha­na­la­ry, aw­tou­lag­la­ra hyz­mat ed­ýän döw­re­bap mer­kez­le­ri gu­ra­rys“ di­ýip bel­le­di.
Hä­zir­ki wagt­da türk­men hü­när­men­le­ri ta­ra­pyn­dan tä­sin go­rag­ha­na zo­lak­la­ry­ny ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­riz­mek bo­ýun­ça de­giş­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Bu sa­na­wa gi­riz­mek üçin mil­li te­bi­gy des­ga­la­ryň des­lap­ky sa­na­wyn­da dün­ýä­de ýe­ke-täk bo­lan, özü­niň tek­to­ni­ki döw­len ýer­le­ri, te­bi­gy pis­se jeň­ňel­lik­le­ri, säh­ra gu­lan­la­ry, je­ren­le­ri we dag goç­la­ry bi­len meş­hur bo­lan Bat­hyz, Re­pe­tek, Sünt-Ha­sar­dag, Amy­der­ýa, Ha­zar, Köý­ten­dag we beý­le­ki go­rag­ha­na­lar hem bar. Bal­kan­da Je­bel go­wa­gy, Daş­ra­bat ga­dy­my şä­her ha­ra­ba­ly­gy si­wi­li­za­si­ýa­nyň iň ga­dy­my ojak­la­ry­nyň bi­ri­dir. Bal­kan da­gy­nyň etek­le­rin­de Ga­ra­ça­gyl at­ly te­bi­gy çeş­me ýer­leş­ýär. Hä­zir­ki dö­wür­de sport, sa­gal­dyş, eko­lo­gi­ýa, me­de­ni-öw­re­niş sy­ýa­hat­çy­ly­gy uly meş­hur­ly­ga eýe bol­ýar. Sport ug­ry Türk­me­nis­tan­da hal­ka­ra sy­ýa­hat­çy­ly­gy­nyň tä­ze ug­ru­na öw­rül­ýär. Se­bä­bi hä­zir­ki za­man­da sy­ýa­hat­çy­lyk sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni alyp bar­mak adam­la­ryň iş­jeň dynç aly­şa ym­tyl­ma­gy bi­len berk bag­ly­dyr. Mu­ňa my­sal hök­mün­de dag sy­ýa­hat­çy­ly­gy­ny, at­ly sy­ýa­hat­çy­ly­gy, gä­mi­li ge­ze­len­ji we beý­le­ki­le­ri gör­kez­mek bo­lar. Ýur­du­my­zyň ta­ry­hy ýa­dy­gär­lik­le­rin­den baş­ga-da, Ha­za­ryň ke­nar ýa­ka­sy, Awa­za­nyň tä­ze şy­pa­ha­na ugur­la­ry uly gy­zyk­lan­ma eýe bol­ýar. Bu zo­la­gyň de­ňiz, ke­nar­ýa­ka dynç al­şy we ýah­ta sy­ýa­hat­çy­ly­gy­nyň dün­ýä mer­kez­le­ri­niň bi­ri­ne öw­rül­jek­di­gi­ni ynam­ly aý­dyp bo­lar.
De­ňiz dynç al­şy­nyň myh­man­ha­na dü­zü­mi­ne tä­ze oňaý­ly myh­man­ha­na­lar, dynç alyş mer­kez­le­ri, kot­tej top­lum­la­ry, dynç al­şa de­giş­li beý­le­ki des­ga­lar, şeý­le hem ýur­du­myz­da­ky il­kin­ji ýaht-klub, kö­pu­gur­ly sport top­lu­my be­zeg ber­ýär. Awa­za­da ýy­lyň bü­tin do­wa­myn­da dür­li de­re­je­li ýa­ryş­la­ry, tür­gen­le­riň okuw we tür­gen­le­şik ýyg­na­ny­şyk­la­ry­ny hem-de beý­le­ki çä­re­le­ri ge­çir­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýän aja­ýyp sag­ly­gy di­kel­diş we sport bi­na­la­ry bar. “Awa­za” mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy eko­lo­gi­ýa sy­ýa­hat­çy­ly­gy­ny, iş­jeň dynç al­şy, sag­ly­gy ber­kit­me­gi öz içi­ne al­ýar. Bu zo­lak Or­ta Azi­ýa se­bi­tin­de ke­sel­le­riň önü­ni al­ma­ga we sag­ly­gy di­kelt­mä­ge amat­ly şert­ler dö­re­di­len ýe­ke-täk ta­las­so­te­ra­pi­ýa mer­ke­zi­dir.
Köý­ten­da­gyň aja­ýyp kün­jek­le­ri, bu tä­sin me­ka­nyň ba­ryp bol­ýan go­wak­la­ry, dag ho­wa­sy hem eko­lo­gi­ýa sy­ýa­hat­çy­ly­gy­ny şy­pa­ha­na hyz­mat­la­ry, sport-sa­gal­dyş sy­ýa­hat­çy­ly­gy bi­len ut­ga­şyk­ly gu­ra­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Dün­ýä­niň sa­gal­dyş sy­ýa­hat­çy­ly­gyn­da öň­dä­ki orun­la­ra çy­kar­ma­ga ýar­dam et­mek üçin türk­men şy­pa­ha­na­çy­ly­gyn­da in­no­wa­si­on ýag­daý­lar iş­jeň­leş­di­ril­ýär. Şy­pa­ha­na­la­ryň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy döw­re­bap­laş­dy­ryl­ýar, olar­da edil­ýän hyz­mat­la­ryň gör­nüş­le­ri gi­ňel­ýär we hi­li ýo­kar­lan­ýar. “Baý­ra­ma­ly”, “Arç­man”, “Ýy­ly suw”, “Fa­rap” şy­pa­ha­na­la­ry­nyň dur­ky tä­ze­le­nil­di we tä­ze bi­na­la­ry ula­nyl­ma­ga be­ril­di. Tä­sin gal­dyr­ýan “Mol­la­ga­ra” şy­pa­ha­na­sy­nyň hem dur­ky tä­ze­le­nil­di. “Mol­la­ga­ra” şy­pa­ha­na­sy uly meş­hur­ly­ga eýe­dir, bu ýer­de sag­ly­gy ber­kit­mek üçin tä­sin kö­lüň be­je­riş pal­çyk­la­ryn­dan peý­da­la­nyl­ýar. Ho­wa aý­ra­tyn­lyk­la­ry­ny göz öňün­de tu­ta­nyň­da, “Baý­ra­ma­ly” şy­pa­ha­na­sy böw­rek ke­sel­le­ri­ni, şeý­le hem ýü­rek-da­mar we aş­ga­zan ul­ga­my­nyň ke­sel­le­ri­ni ne­ti­je­li be­jer­mek üçin tä­sir­li­dir. Bu ýe­re gel­ýän­ler we dynç al­ýan­lar üçin aja­ýyp şert­ler dö­re­dil­di – şy­pa­ha­na­nyň tä­ze bi­na­la­ry, onuň hä­zir­ki za­man luk­man­çy­lyk taý­dan en­jam­laş­dy­ry­ly­şy, iş­gär­le­riň ýo­ka­ry hü­när de­re­je­si bu mer­ke­ziň dün­ýä­niň şu­nuň ýa­ly meş­hur şy­pa­ha­na mer­kez­le­ri­ne my­na­syp bäs­deş bo­lup bil­jek­di­gi­ne ynam dö­red­ýär.

Zü­leý­ha ORA­ZO­WA,
Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk
ins­ti­tu­ty­nyň uly mu­gal­ly­my.