Hytaý Halk Respublikasy älem giňişligini has içgin öwrenmek babatda alyp barýan işleriniň netijesinde, bu ýerde Gün energiýa bekedini gurmagy meýilleşdirýär. Bu barada Russiýanyň “TASS” habarlar gullugy habar berýär. Hytaýly alymlar 2008-nji ýyldan bäri kosmosda elektrik bekedini gurmagyň üstünde işleýär. Häzirki wagtda bu ugurda görnetin ösüşler gazanylyp, elektrik energiýasyny geçirijisiz kabul etmegiň tehnologiýasyny işläp düzmek boýunça işleri ýygjamlaşdyrdylar.
Hytaýyň Kosmos tehnologiýalary akademiýasynyň işgäri Wan Liniň aýtmagyna görä, elektrik bekedini gurmak üçin diňe tehnologiýa işläp düzmek ýeterlik bolmaýar, munuň üçin ummasyz serişde hem gerek. Hytaýyň hökümeti munuň üçin maliýe kömegini bermäge taýýar. Bilermenleriň baha bermegine görä, kosmosdaky Gün elektrik bekedi Hytaýyň ekologiýa hem-de energetika ýagdaýynyň gowulanmagyna goşant goşar.