Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda 1-nji noýabrda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisi geçirilip, onda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine we taýýarlanan resminamalaryň taslamalaryna seredildi. Bu mejlisde ozal kabul edilen döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişi we ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlisde şu ýylyň on aýynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň netijeleri barada berlen hasabata görä, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň ýokary ösüş depgini üpjün edilipdir we bölek-satuw haryt dolanyşygynyň möçberi ýokarlanypdyr.
On aýyň dowamynda jemi içerki önümiň 6,4 göterim artmagy, şol sanda senagatda 3,9, gurluşykda 2,9, ulag-aragatnaşyk ulgamynda 11,1, oba hojalygynda 4,9, hyzmatlar ulgamynda 9,7 göterim ösüş gazanylmagy, munuňam geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende jemi öndürilen önümiň ösüş depgininiň 6,3 göterime deň bolmagy berkarar döwletimiziň ykdysady ösüşleriniň ýylsaýyn belende galýandygyna anyk şaýatlyk edýär. Mälim bolşy ýaly, şeýle durnukly ösüşler milli ykdysadyýetimiziň geljekki uly ösüşlerine uly badalga berýär.
2017-nji ýylyň on aýynda “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamany” ýerine ýetirmegiň çäklerinde, deslapky hasaplamalar boýunça, durmuş-medeni ähmiýetli binalaryň 5-siniň gurlandygy, inženerçilik ulgamlarynyň 438,1 kilometriniň çekilendigi, 922,1 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlarynyň bina edilendigi, häzirki wagtda bolsa, binalaryň 64-sinde, suw arassalaýjy desgalaryň 30-synda, 382,2 müň inedördül ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynda işleriň alnyp barylýandygy hemmämizde egsilmez begenç, guwanç duýgularyny oýarýar.
Milli Liderimiz mejlisde daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek we daşary ýurtlara iberilýän harytlaryň möçberlerini adatça bolşy ýaly, artdyrmak boýunça döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişine aýratyn üns bermelidigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz şonuň ýaly-da, ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmek, täze iş orunlaryny döretmek, elektron senagatyny döretmek boýunça kabul edilen maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Ählimiziň bilşimiz ýaly, şu ýyl paýtagtymyzda geçirilen “Aşgabat 2017”-ä türkmen dokmaçylarynyň hem ýokary derejede taýýarlykly gelendiklerini ýatlasymyz gelýär. Olaryň türkmeniň “ak altynyndan” taýýarlan, ekologik taýdan arassa önümlerini görmäge göz gerek. Şonuň bilen birlikde-de, haly önümçiliginiň hem güýçli depgin bilen ösýändigi hemmämizi diýseň begendirýär.
Ýokary derejede geçen Aşgabat Aziadasyna gatnaşyjylar – türgenler, tälimçiler, şol dabarada çykyş etjek medeniýet we sungat işgärleri üçin taýýarlanan lybaslaryň owadanlygy, göze gelüwliligi, reňk sazlaşygynyň ýerbe-ýerligi hakda näçe aýtsaň aýdyp oturmaly. Şeýle hem sowgatlyk halyçalary, ýantorbalary, uly sport baýramçylygynyň şekili Wepalynyň keşbi, tumarynyň şekili salnan diwan örtgülerini, el süpürgiçleri, boýna atylýan ýaglyklary… öz dokmaçylarymyzyň öndürendigi diýseň buýsançlydyr.
Hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimiziň senagat pudaklarynda oňat netijelere eýe bolunýandygyny, gazanylan üstünlikleriň bolsa ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmäge ýardam edýändigini belleýär. Ýurdumyzda täze kärhanalary we iş orunlaryny döretmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Senagat pudaklary üçin hünärmenleri taýýarlamagyň Döwlet maksatnamasynyň taslamasyny işläp taýýarlamaga aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde täze hünärleri açmak boýunça hem zerur işler amala aşyrylýar.
Milli Liderimiziň tabşyryklary boýunça halkara söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň giňeldilýändigi, milli ylym-bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynyň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlandyrylýandygy, aň, beden, ruhy taýdan ösen nesli kemala getirmek, ýurdumyzyň ykdysadyýetini depginli diwersifikasiýalaşdyrmaga we durnukly ösdürmäge ylmyň anyk goşant goşmagyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan netijeli işler geljek ýyllarda ýurdumyzyň ähli pudaklary boýunça amala aşyrylýan özgertmeleriň depginlerini has-da güýçlendirjekdigine anyk şaýatlyk edýär.
Biz berkarar Türkmenistan döwletimizi ýylsaýyn uly ösüşleriň ýoluna düşüren, raýatlarymyzy bolelin durmuşda ýaşadýan Arkadag Prezidentimize uly rowaçlyklaryň hemişe ýaran bolmagyny arzuw edýäris!
Töre Annamyradow,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň
uly mugallymy.