Golaýda Norwegiýa Palestinany döwlet hökmünde resmi taýdan ykrar edýändiklerini mälim edipdi. Onuň yzysüre Irlandiýa we Ispaniýa hem bu ýurdy ykrar edýändiklerini aýdypdylar. Indi bolsa, Norwegiýanyň daşary işler ministri Espen Bart Eýde öz ýurdunyň Palestinany döwlet hökmünde ykrar edýändigi baradaky resmi hatlary Brýusselde Palestinanyň hökümet başlygy Muhammed Mustafa gowşurdy.
Şu gün Palestinanyň hökümet başlygy Mustafa Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň daşary işler ministrleri hem-de beýleki ýokary derejeli ýolbaşçylary bilen gepleşikler geçirýär. Norwegiýa Ýewropa Bileleşiginiň agzasy däl. Ýewropa Bileleşiginiň agzalary bolan Ispaniýa hem-de Irlandiýa 28-nji maýda resmi taýdan Palestinany ykrar edýändiklerini mälim ederler.
Häzire çenli BMG-niň Baş Assambleýasyndaky 193 ýurduň 142-si Palestinany döwlet hökmünde ykrar etdi.
Palestina 2011-nji ýylda doly agza bolmak üçin BMG-na ýüz tutdy, emma Howpsuzlyk Geňeşinden ýeterlik derejede goldaw tapmandy. Ýurt 2012-nji ýylda BMG-de synçy döwlet statusyny alypdy.