Ady: “Garaňky wagt” (Darkest Hour); Režissýory: Jou Raýt; Keşplerde: Gari Oldman, Kristin Skott Tomas, Lili Jeýms, Stefen Dilleýn, Ronald Pikap, Nikolas Jons, Riçard Lamsden, Ben Mendelson; Ssenariçi: Entoni MakKarten; Prodýuserleri: Tim Bewan, Lisa Brýus, Erik Fellner, Entoni MakKarten, Duglas Urbanski; Kompozitory: Dario Marianelli; Öndüriji: “Perfect World Pictures”, “Working Title Films”; Paýlaýjy: “Focus Features”; Dowamlylygy: 125 minut; Görnüşi: uruş, drama; Ýurdy: Birleşen Korollyk; Dili: iňlisçe.
“Pride & Prejudice”, “Atonement”, “The Soloist”, “Anna Karenina”, “Pan” ýaly edebi eserler esasyndaky filmler bilen adygan režissýor Jou Raýtyň täze kinosynda taryhy waka beýan edilýär. Filmde Gari Oldman, Kristin Skott Tomas, Lili Jeýms, Stefen Dilleýn, Ben Mendelson, Ronald Pikap ýaly artistler dürli keşpleri ýerine ýetirýär. 125 minutlap dowam edýän filmiň ssenarisini şol birwagtyň özünde bu ekran eseriniň prodýuseri Entoni MakKarten ýazdy. Filmi saz bilen bezän italiýaly meşhur kompozitor Dario Marianellidir.
Ikinji Jahan urşy ýyllarynda Çerçilliň wajyp mesele barada berjek karary bütin ýurdy, hatda, söweşiň durkuny üýtgedip bilýär. Şeýle aýgytly pursatda Çerçilliň pikiri bilen ylalaşmaýanam bar, ony goldaýanam…
Ady: “Koko” (Coco); Režissýory: Li Unkriç; Ses berenler: Entoni Gonzales, Gael Garsiýa Bernal, Benžamin Bratt, Reni Wiktor, Ana Ofelia Murguýa, Alanna Ýubak, Haýme Kamil, Sofiýa Espinosa, Selene Luna, Alfonso Arau, Edward Jeýms Olmos; Prodýuseri: Darla K. Anderson; Ssenariçi: Adrian Molina, Matýuw Aldriç; Kompozitory: Maýkl Jiakkino; Öndüriji: “Walt Disney Pictures”, “Pixar Animation Studios”; Paýlaýjy: “Walt Disney Studios Motion Pictures”; Dowamlylygy: 109 minut; Görnüşi: 3D kompýuter animasiýasy, sazly komediýa, fantastik başdangeçirme; Ýurdy: ABŞ; Dili: iňlisçe, ispança.
Animasiýa öndürmekde öňdebaryjy hasaplanýan “Pixar” şereketiniň şu ýylky 2-nji önümi “Koko” multfilmi kinoteatrlarda görkezilip başlandy. Li Unkriç tarapyndan surata alnan animasiýanyň gahrymanlaryna Gael Garsiýa Bernal, Benžamin Bratt, Entoni Gonzales dagy ses berdi. Iňlis we ispan dillerinde ekranlaşdyrylan multfilmde 12 ýaşly Migel atly oglanjygyň meksikaly meşhur gitaraçy Ernesto de la Kruz bilen tanyş bolmak hyýaly barada gürrüň berilýär. Kruz aradan çyksa-da, Migeliň oňa bolan janköýerligi azalmaýar. Günlerde bir gün ol Kruzuň gitarasynyň üstünden barýar. Şondan soň, Migel özboluşly gezelenje çykýar…