Hytaýyň Sanýa şäherinde geçirilen “Dünýä gözeli – 2017” gözellik bäsleşiginde hindistanly Manuşi Çhillar ýeňiji boldy. 20 ýaşly gözel final tapgyrynda 40 dalaşgäriň arasyndan saýlandy. Häzirki wagtda lukmançylyk ugrundan ýokary bilim alýan Çhillar gözellik täjini geçen ýylyň ýeňijisi Puerto rikoly Stefanie Del Walleniň elinden alan mahaly begenç gözýaşlaryny dökdi. 67-nji gezek geçirilýän bäsleşikde meksikaly 23 ýaşyndaky Andrea Meza 2-nji, angliýaly 22 ýaşly Stefanie Hill 3-nji ýeri eýeledi.
Manuşi Çhillar “Dünýä” gözeli bäsleşiklerinde ýeňiji bolan 6-njy hindistanly gyz bolup, ondan öň Reita Fariýa (1966), Aýşwarýa Raý (1994), Diana Heýden (1997), Ýukta Mookheý (1999) hem-de Priýanka Çopra (2000) saýlanypdy. Dünýä gözeli ýaryşlarynda iň köp hindistanly we wenesuelaly gyzlar ýeňiji boldy (6 gezek).
1951-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýän “Dünýä gözeli” ýaryşynyň merkezi edara binasy Londonda ýerleşýär. Häzirki wagtda “Dünýä gözeli” ýaryşy bilen bir hatarda, jemi 4 uly gözellik ýaryşy guralýar. Ýagny “Dünýä gözeli” ýaryşyndan daşgary-da, “Älem gözeli” (Miss Universe, 1952-nji ýyldan bäri geçirilýär), “Halkara gözeli” (Miss International, 1960-njy ýyldan bäri) hem-de “Zemin gözeli” (Miss Earth, 2001-nji ýyldan bäri) bäsleşileri geçirilýär.