“Disney” kompaniýasy meşhurlyk gazanan ozalky multfilmlerini janly filme öwürmegini dowam etdirýär. “Zoluşka” (Cinderella), “Jeňňel kitaby” (The Jungle Book), “Gözel we nägehan” (Beauty and the Beast) animasiýalaryndan soň, “Şa ýolbars” (The Lion King) multfilminiň-de bu sanawa goşuljakdygy öň habar berlipdi. Aktýor hem-de prodýuser Jon Fawre tarapyndan surata düşüriljek “Şa ýolbars” filminde gahrymanlara ses berjek artistleriň hataryna aýdymçy Beýonseniň goşulmagyndan soň, sanaw dolulygyna aýan boldy. Meşhur aýdymçy bu filmde baş gahryman Simbanyň ýakyn dosty Nala ses berer. 2019-njy ýylyň 19-njy iýulynda prokata çykjak kinonyň ssenarisini Jeff Netenson ýazar. Şeýle-de bu filmde Donald Glower, Jeýms Örl Jons, Çiwetel Ežiofor, Jon Oliwer, Set Rojen, Alfre Wudard, Billi Eiçner dagy hem dürli gahrymanlara ses berer.