Ykdysady žurnal “Forbes” tarapyndan her ýyl yglan edilýän iň köp girdeji gazanýan fotomodelleriň sanawynda 15 ýyldan bäri braziliýaly Žizel Býundhen 1-nji orny eýeleýärdi. Ýöne täze sanawda ýylyň iň köp girdeji gazanan fotomodeliniň ady üýtgedi. Soňky sanawda 22 ýaşly Kendall Jenner 1-nji orna mynasyp boldy. Ol geçen ýylyň iýunyndan şu ýylyň iýunyna çenli 22 million dollar girdeji gazanypdyr. 15 ýyllap birinjiligi özünde saklan 37 ýaşly Žizel Býundhen 17,5 million dollarlyk gazanjy bilen 2-nji ýeri eýeledi. Degişli döwürde 13,5 million dollar gazanan amerikaly 32 ýaşyndaky Krissi Teigen 3-nji bolup, sanawa goşuldy. Dünýä belli ýyldyz, 36 ýaşyndaky braziliýaly fotomodel Adriana Lima 4-nji (10,5 million $), ýaş zenan Jiji Hadid 5-nji (9,5 million $) ýeri eýeledi. 5,5–9,5 million dollar arasynda gazanç eden Rouzi Hantington-Waýtli,Karli Kloss, Liu Wen, Bella Hadid hem-de Eşli Grem dagy öňdäki onluga adyny ýazdyran beýleki fotomodellerdir.