Dünýäniň iň abraýly kinofestiwallarynyň biri bolan Kann film şüweleňiniň 69-njysy geçiriler. 11–22-nji maý aralygynda boljak festiwal halypa režissýor Wudi Alleniň soňky kinosy “Cafe Society” bilen açylar. 11 günläp dowam etjek festiwalda ýeňijileri kesgitlejek eminler toparyna belli režissýor Jorj Miller baştutanlyk eder. Eminler toparyna fransiýaly režissýor Arno Depleşen, amerikaly aktrisa Körsten Danst, italiýaly aktrisa Waleria Golina, daniýaly aktýor Mads Mikkelsen, wengriýaly režissýor Laslo Nemes, fransiýaly aktrisa hem aýdymçy Wanessa Paradis, eýranly prodýuser Kataýun Şahabi, kanadaly aktýor Donald Saterland dagy çagyryldy. Festiwalda baş baýraga – “Altyn palma” dalaş etmek üçin 21 film sanawa alyndy. Olaryň hatarynda dünýä belli režissýorlaryň – Pol Werhowen, Park Çan-wuk, Ken Loaç, Ksawie Dolan, Pedro Almodowar, Jeff Nikolas, Nikolas Winding Refn, Jim Jarmuş, Asgar Farhadi, doganlar Žan-Pier we Luk Dardenler ýaly ussatlaryň surata düşüren soňky kinolary bar. 22-nji maýda uly dabara bilen tamamlanjak festiwalda bäsleşikden daşary-da Stiwen Spilbergiň “The BFG”, koreýaly Na Hong-žiniň “Gokseong”, soňky wagtlarda režissýorlyga girişen Jodi Fosteriň “Money Monster” hem-de Şeýn Blekiň baş keşplerini Rassel Krow bilen Raýn Goslingiň janlandyrýan “The Nice Guys” kinolary tomaşaçylar köpçüligine ýetiriler. Festiwalyň açylyş hem-de jemleýji dabaralaryny fransiýaly aktýor Loran Lafitt alyp barar.
“Altyn palma” baýragyna dalaşgär filmler:
“American Honey” — rež. Andrea Arnold (filmi öndüriji: Birleşen Korollyk, ABŞ)
“Aquarius” — Kleber Mendonça Filio (Braziliýa)
“Elle” — Pol Werhowen (Fransiýa, Germaniýa, Belgiýa)
“From the Land of the Moon” — Nikol Garsia (Fransiýa)
“Graduation” — Kristian Mungiu (Rumyniýa)
“The Handmaiden” — Park Çan-wuk (Günorta Koreýa)
“I, Daniel Blake” — Ken Loaç (Birleşen Korollyk, Fransiýa)
“It’s Only the End of the World” — Ksawie Dolan (Kanada, Fransiýa)
“Julieta” — Pedro Almodowar (Ispaniýa)
“The Last Face” — Şon Penn (ABŞ)
“Loving” — Jeff Nikols (ABŞ, Birleşen Korollyk)
“Ma’Rose” — Brillante Mendoza (Filippinler)
“The Neon Demon” — Nikolas Winding Refn (ABŞ)
“Paterson” — Jim Jarmuş (ABŞ)
“Personal Shopper” — Oliwie Assaýas (Fransiýa)
“The Salesman” — Asgar Farhadi (Eýran)
“Staying Vertical” — Alan Girodi (Fransiýa)
“Sieranevada” — Kristi Puiu (Rumyniýa)
“Slack Bay” — Bruno Dumont (Fransiýa)
“Toni Erdmann” — Maren Ade (Germaniýa, Awstriýa)
“The Unknown Girl” — Žan Pier Darden, Luk Darden (Belgiýa).