Dün­ýä bel­li aý­dym­çy, hä­zirkiza­man aý­dym-sa­z sungatynyň ägir­di ha­sap­la­nyl­ýan Prins 57 ýa­şy­nyň için­de ara­dan çyk­dy. Do­ly ady Prins Ro­jers Nel­son bo­lan aý­dym­çy 1958-nji ýy­lyň 7-nji iýu­nyn­da Min­nea­po­lis şä­he­rin­de dün­ýä in­ýär. Aý­dym-saz sun­ga­ty­nyň we­kil­le­ri­niň maş­ga­la­syn­da dog­lan Prin­siň aý­dym-sa­za bo­lan hö­we­si ça­ga­lyk­dan baş­la­ýar. 1976-njy ýyl­da Prin­siň di­ňe bir aý­dym­dan yba­rat il­kin­ji ka­se­ta­sy peý­da bol­ýar. Şon­dan bä­ri 40 ýy­lyň do­wa­myn­da ol 40-a go­laý al­bom çy­kar­ýar. Hä­zir­kiza­man aý­dym-saz sun­ga­ty­nyň ny­şa­ny diý­lip gör­ke­zil­ýän Prins en­çe­me ne­şir­ler ta­ra­pyn­dan äh­li za­ma­na­la­ryň iň go­wy aý­dym-saz sun­ga­ty­nyň we­ki­li sa­na­wyn­da öň­dä­ki orun­la­ra saý­lan­ýar. Prin­siň ara­dan çyk­ma­gy onuň muş­dak­la­ry­ny diý­seň gy­nan­dyr­dy. Dür­li kär­dä­ki adam­lar onuň dün­ýe­si­ni tä­ze­le­me­gi bi­len bag­la­ny­şyk­ly dür­li-dür­li be­ýa­nat­lar ber­di.
Prins ara­dan çy­ka­nyn­dan soň, onuň iň go­wy aý­dym­la­ry­ny özün­de jem­le­ýän ýy­gyn­dy al­bo­my bi­len 1984-nji ýyl­da çy­ka­ran meş­hur “Purp­le Ra­in” at­ly al­bo­my “Bill­board 200”-iň sa­na­wyn­da iň öň­dä­ki orun­la­ra my­na­syp bol­dy. “The Very Best of Prince” at­ly ýy­gyn­dy al­bo­my­nyň 179 müň nus­ga­sy, “Purp­le Ra­in” al­bo­my­nyň-da 69 mü­ňi aý­dym-saz muş­dak­la­ry ta­ra­pyn­dan sa­tyn alyn­dy.