Aý­dym-saz dün­ýä­si­niň meş­hur žur­nal­la­ryn­dan “Bill­board” ame­ri­ka­ly aý­dym­çy hem-de akt­ri­sa Se­le­na Go­me­zi “ýy­lyň ze­na­ny” di­ýip saý­la­dy. 25 ýaş­ly aý­dym­ça ar­zy­ly sy­lag uly da­ba­ra bi­len gow­şu­ryl­dy. Şu ýy­lyň baş­la­ryn­da ope­ra­si­ýa ge­çi­ren aý­dym­çy baý­ra­gy alan ma­ha­ly tol­gun­dy. “Bill­board ýy­lyň ze­na­ny” baý­ra­gy­na ge­çen ýyl Ma­don­na, 2015-nji ýyl­da Le­di Ga­ga, 2014-nji we 2011-nji ýyl­lar­da Teý­lor Swift, 2013-nji ýyl­da Pink, 2012-nji ýyl­da-da Ke­ti Per­ri eýe bo­lup­dy. Il­kin­ji ge­zek 2007-nji ýyl­da gow­şu­ry­lan sy­la­ga şol ýyl Re­ba Ma­kEn­taýr, soň­ra Sia­ra, 2009-njy we 2010-njy ýyl­lar­da-da de­giş­li­lik­de, Be­ýon­se bi­len Fer­ji la­ýyk gör­lüp­di.