Ýewropa çempionatynyň nobatdakysy, has takygy, 12-nji geçirilişi Portugaliýa döwletinde guraldy. 16 ýygyndynyň arasyndan saýlanmagy başaran Gresiýanyň milli topary kubogy alyp, hemmäni geň galdyrdy. Çempionatyň açylyş duşuşygynda ýer eýelerini utan grekler jemleýji oýunda-da, ýagny finalda-da Portugaliýadan üstün çykyp, öz atlaryny taryha altyn harplar bilen ýazdyrmagy başardy. 24 ýyldan soň, 2-nji gezek Ýewropa çempionatyna gatnaşan Gresiýa yklymyň çempiony bolan 9-njy topar boldy.
Saýlama tapgyrynda 50 ýygyndy 10 toparçada çykyş etdi. Her toparçanyň lideri gönümel gatnaşan bolsa, 2-nji ýeri alanlaryň 5-si özara pleý-offdan soň final petegini aldy. 1-nji we 2-nji toparçalardan Fransiýa bilen Daniýanyň ýygyndysy final tapgyryna çykdy. Aýratynam, fransuzlar 2-nji hatardaky Sloweniýadan ep-esli arany açdy. 3-nji toparçada çehler öňe saýlandy. 4-nji toparçada Şwesiýa, 5-nji toparçada Germaniýa 1-nji ýeri eýeledi. 6-njy toparçada Gresiýanyň ýygyndysy Ispaniýadyr Ukrainadan tapawutlandy. Galan 4 toparçadan-da degişlilikde, Angliýanyň, Bolgariýanyň, Italiýanyň we Şweýsariýanyň milli toparlary final petegini gazan ýygyndylar boldy. Pleý-offda Gollandiýa Şotlandiýadan, Horwatiýa Sloweniýadan, Russiýa Uelsden, Latwiýa Türkiýeden hem-de Ispaniýa Norwegiýadan üstün çykdy. Final tapgyryna çykan 16 ýygyndynyň 10-sy 2000-nji ýyldaky ýaryşa-da gatnaşypdy. Latwiýanyň ýygyndysy çempionatyň ýeke-täk debýutanty boldy. Şweýsariýa, Horwatiýa, Bolgariýa we Gresiýa 2-nji gezek çykyş etdi.
12-nji Ýewropa çempionaty ilkinji gezek Portugaliýada geçirilip, 2004-nji ýylyň 12-nji iýulynda başlan ýaryş 4-nji iýunda-da tamamlandy. Duşuşyklar 8 şäherdäki 10 stadionda oýnaldy. Toparlar 4 toparçada çykyş etdi. “A” toparçada ýer eýesi Portugaliýa bilen bir hatarda, Gresiýanyň, Ispaniýadyr Russiýanyň ýygyndylary duşuşdy. Çempionatyň açylyş oýnunda Portugaliýa bilen Gresiýa duşuşyp, oýun garaşylmadyk ýagdaýda grekleriň peýdasyna gutardy. 7-nji minutda Karagunis bilen hasaby açan grekler 51-nji minutda Basinasyň penaltisi bilen hasaby 2–0-a çykardy. Ýer eýeleriniň ýeke goluny-da 90+3-nji minutda Ronaldo öz adyna ýazdyrdy. Ispaniýa Russiýany Waleronyň (60) goly bilen 1–0 hasabynda utmagy başardy. 2-nji duşuşyklarda grekler bilen ispanlar 1 utugy paýlaşdy (Haristeas 66 – Morientes 28). Şol sanda-da, Portugaliýa-da Russiýany Manişe (7) we Rui Koştanyň (89) gollary esasynda ýeňdi. Portugallar 3-nji duşuşygynda Ispaniýany Nuno Gomeşiň (57) goly bilen utan bolsa, Russiýa Gresiýany 2–1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi (Kiriçenko 2, Bulykin 17 – Wrizas 43). Netijede, Portugaliýa 1-nji, 4 gol geçirip, şonça-da geçirden Gresiýa 2-nji ýeri eýeledi. 2 gol salyp, 2 goly-da toruna goýberen Ispaniýa 3-nji orna mynasyp boldy.
“B” toparçada Şweýsariýa bilen Horwatiýa 0–0 hasabynda deňme-deň oýnady. Dartgynly geçen duşuşykda Fransiýa Angliýany Zinedin Zidanyň 90-njy minutdan soňky 2 goly bilen utup, ýeňşini baýram etdi (Zidan 90+1, 90+3 p – Lampard 38). Iňlisler şweýsarlary 3–0 (Runi 23, 75, Jerrard 82) hasabynda utan bolsa, Horwatiýa bilen soňky çempion Fransiýanyň arasyndaky duşuşykda ýeňiş gazanan bolmady (2–2; Rapaiç 48 p, Prşo 52 – Tudor 22 ö.d., Trezege 64). Toparçadaky 3-nji oýunlarda Fransiýa Şweýsariýany 3–1 (Zidan 20, Anri 76, 84 – Wonlanten 26), Angliýa bolsa, Horwatiýany 4–2 (Skoulz 40, Runi 45+1, 68, Lampard 79 – N.Kowaç 5, Tudor 73) hasabynda utup, çärýek finala çykmagy başardy.
“C” toparçada Daniýa bilen Italiýanyň arasyndaky oýunda hasap açylmady. Munuň tersine Şwesiýa Bolgariýanyň ýygyndysynyň derwezesinden jogapsyz 5 pökgi girizdi (Lünberg 32, H.Larsson 57, 58, Ibrahimowiç 78 p, Allbäk 90+1). 2-nji duşuşygynda-da gol geçirip bilmedik bolgarlar Daniýadan 2–0 hasabynda asgyn geldi (Tomasson 44, Gronkaýer 90+2). Italiýa bilen Şwesiýa Kassanodyr Ibrahimowiçiň ýatdan çykmajak gollary esasynda 1–1 hasabynda deňme-deň oýnady. Italiýa 3-nji duşuşygynda Bolgariýany Kassanonyň 90+4-nji minutda geçiren goly esasynda kynlyk bilen utdy (Perrotta 48, Kassano 90+4 – M.Petrow 45 p). Ýöne bu ýeňşiň italýanlara haýry degmedi. Daniýa bilen Şwesiýa 2–2 (Tomasson 28, 66 – Larsson 47 p, Jonson 89) hasabynda deňme-deň oýnap, ikisi toparçadan çykan toparlar boldy (özlerine gerek bolan hasapdy).
“D” toparçada Çehiýa debýutant Latwiýany 2–1 (Baroş 73, Haýns 85 – Werpakowskis 45+1), çekeleşikli geçen oýunda 2–0 yzda barýandyklaryna garamazdan, gollandlary 3–2 (Koller 23, Baroş 71, Şmiser 88 – Bouma 4, Wan Nistelrooý 19) hasabynda utmagy başardy. Germaniýa ilki Gollandiýa bilen 1–1 (Frings 30 – Nistelrooý 81), soňra Latwiýa bilen 0–0 hsabynda deňme-deň oýnady. Gollandiýa 3-nji duşuşygynda Latwiýany Nistelrooý (27 p, 35) we Makaaýyň (84) gollary esasynda 3–0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Çehleriň 2–1 (Haýns 30, Baroş 77 – Ballak 21) hasabynda Germaniýany utmagy gollandlar üçinem uly bähbit boldy. Şunlukda, Çehiýa 1-nji, Gollandiýa 2-nji ýeri eýeledi. Umumylykda, çempionatyň iň başarnykly topary Germaniýa bolsa, bassyr 2-nji ýaryşda toparçadan çykyp bilmedi.
Çärýek finalda ýer eýesi Portugaliýa bilen Angliýanyň arasyndaky oýun diýseň çekeleşikli we dartgynly boldy. 3-nji minutda Owen bilen öňe saýlanan iňlislere 83-nji minutda Poştiga jogap berdi. Esasy wagty deňlikde gutaran oýnuň 110-njy minutynda Rui Koşta örän owadan gol geçirdi. Ýöne 5 minut soň, iňlisler Lampardyň goly bilen hasaby deňledi. Netijede, ýeňijini 11 metrlik jerime urgulary kesgitledi we ýer eýeleri 6–5 öňe saýlandy. Gresiýa bilen Fransiýanyň arasyndaky oýunda soňky çempion garaşylmadyk ýagdaýda greklerden 1–0 hasabynda asgyn geldi. Greklere ýarym final petegini gazandyran ýeke-täk goly 65-nji minutda Haristeas derwezä girizdi. Şwesiýa bilen Gollandiýanyň arasyndaky oýnuň esasy we goşmaça wagtlarynda hasap açylmady. Penaltilerde gollandlar 5–4 artykmaçlyk görkezip, bassyr 2-nji ýola ýarym finala çykdy. Çehiýanyň ýygyndysyna Daniýadan üstün çykmak juda ýeňil düşdi. Koller (49) we Baroşyň (63, 65) gollary bilen olar garşydaşyny 3–0 hasabynda utdy.
Ýarym finalda Portugaliýa Lissabonda Gollandiýany 2–1 hasabynda utup, ilkinji sapar finalda oýnamaga ygtyýar aldy. Oýunda 3 goly-da portugallar geçirdi (Ronaldo 26, Manişe 58 — Andrade 63 ö.d.). Beýleki ýarym finalda Gresiýanyň milli topary Çehiýanyň ýygyndysyny Dellasyň 105+1-nji minutdaky ýeke-täk goly bilen utup, finala çykmagy başardy. Çempionata şowly başlap, toparçadaky galan 2 oýnunda o diýen netijeli oýnap bilmedik grekleriň garaşylmadyk ýörişi finala çenli dowam etdi. Olaryň çärýek finaldaky üstünligine göwni ýetmedikler ýarym finaldaky ýeňişlerine haýran galdylar. Gorag futboly bilen muny başaran Gresiýa finaldan soň, öz geň galdyryjylygynyň derejesini has-da ýokarlandyrdy.
Ýer eýesi Portugaliýa bilen Gresiýanyň arasyndaky final duşuşygy 4-nji iýulda çempionat üçin ýörite gurlan “Luž” stadionynda oýnaldy. Şeýlelikde, çempionatyň açylyş oýnunda duşuşan iki topar finalda-da güýç synanyşmaly boldy. 62865 janköýeriň şaýatlygynda geçen oýunda germaniýaly meşhur emin Markus Merk jürlewük çaldy. Oýnuň 1-nji ýarymynda hasap açylmady. 2-nji ýarymda, has takygy, 57-nji minutda Angelos Haristeas kelle urgusy bilen hasaby açdy. Şondan soň, portugallar özlerinde geçirilýän bu ýaryşda eline gelen mümkinçilikden ýerlikli peýdalanmak üçin tagalla baryny etdiler. Ýöne Otto Rehhageliň şägirtleriniň gorag taktikasyny böwüsmek olara başartmady. 2-nji gezek gatnaşan ýaryşynda Gresiýanyň milli ýygyndysynyň ýer eýelerini onda-da 2 sapar utup, çempion bolmagy bütün dünýäniň esasy wakasy boldy. Hemmäni geň galdyran bu hadysa owadan oýunsyz-da, hatda dünýä belli ýyldyz oýunçysyz hem, diňe gorag taktikasy esasynda uly ýeňişlere ýetip bolýandygyny subut etdi.