ABŞ-nyň Wa­şing­ton uni­wer­si­te­ti­niň bi­ler­men­le­ri bä­bek­le­re ýu­murt­ga iý­dir­me­gi mas­la­hat ber­ýär­ler. Bu ola­ryň ösü­şi­ne we beý­ni­si­niň işi­ne ýar­dam ber­ýär. Eger-de ýa­rym ýy­lyň do­wa­myn­da gün­de bir ýu­murt­ga­dan be­ril­se, ol ho­li­niň we do­ko­za­gek­sa­ýen kis­lo­ta­sy­nyň art­ma­gy­na ýar­dam ber­ýär. Bu iki bir­leş­me beý­ni­niň sag­ly­gy üçin has-da mö­hüm­dir.
Mun­dan ozal, ýu­murt­ga­nyň ça­ga­nyň ösü­şi­ne ýar­dam ber­ýän­li­gi we hat­da sa­ky­nyp gep­le­me­gi­niň öňü­ni al­ýan­dy­gy­ny su­but edip­di­ler. Ýu­murt­ga­nyň dü­zü­min­de ho­lin, A, B12, se­len ýa­ly ýag­ly kis­lo­ta­lar bar. Şeý­le hem olar el­ýe­ter­li­li­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar­lar.
Bi­ler­men­ler 6-9 aý­lyk 163 ça­ga­da bar­lag ge­çir­di­ler. Olar­dan 80 ça­ga ýa­rym ýy­lyň do­wa­myn­da gün­de bir ýu­murt­ga iýip­dir­ler. Beý­le­ki ça­ga­la­ra bol­sa, ýu­murt­ga ber­män­dir­ler. Ça­ga­la­ryň be­de­nin­dä­ki wi­ta­min­ler we mi­ne­ral mad­da­la­ryň de­re­je­si ga­nyň ana­li­zi bo­ýun­ça kes­git­le­nip­dir. Gö­rlüp oturylsa, bi­rin­ji to­par­da­ky ça­ga­la­ryň ikin­ji to­par­da­ky­la­ra ga­ra­nyň­da, be­de­nin­de has köp ho­lin, do­ko­za­gek­sa­ýen kis­lo­ta­sy bo­lup­dyr.