Dün­ýä bel­li ki­no kom­pa­ni­ýa­la­ry film ön­dür­me­gi­ni ýo­ka­ry dep­gin­de do­wam ed­ýär. Bu ýyl hem bi­ri-bi­rin­den gy­zyk­ly,
dür­li gör­nüş­däki, dür­li te­ma­­da­ky ýüz­ler­çe, hat­da müň­ler­çe film öz muş­dak­la­ryna ga­raş­ýar. Ola­ryň ara­syn­da Gol­li­wu­da mil­liard­lar­ça dollar gir­de­ji ga­zan­dyr­ýan “Marvel” bi­len “DC Comics”-iň hy­ýa­ly gah­ry­man­la­rynyň fan­tas­tik baş­dan ge­çir­me­le­ri, şeýle-de ozal­ky film­le­riň do­wa­my bo­lan ek­ran eser­le­rini, gaý­ta­dan su­ra­ta al­nan­lary, aý­ra­ty­nam, kör­pe­le­riň sa­byr­syz­lyk bi­len ga­raş­ýan ani­ma­si­ýa­la­ryny­, ede­bi eser­ler esa­syn­da­ky ki­no­la­ry we ş.m. ag­za­mak bo­lar.

“AVEN­GERS: IN­FI­NI­TY WAR”
Maý aýy­nyň il­kin­ji hep­de­sin­de tu­tuş dün­ýä­de pro­kat­la­ra ýaý­ra­dyl­jak “Ýe­ňil­me­zek­ler” fil­mi­niň no­bat­da­ky nus­ga­syn­da Gol­li­wu­dyň ta­nal­ýan ar­tist­le­rin­den 30-a go­la­ýy ulu­ly-ki­çi­li dür­li keşp­le­ri jan­lan­dyr­ýar. Hy­ýa­ly gah­ry­man­la­ryň tas hem­me­si­ni di­ýen ýa­ly özün­de jem­le­ýän bu fil­me do­gan­lar En­to­ni we Jou Rus­so­lar re­žiss­ýor­lyk ed­ýär.

“ANT-MAN AND THE WASP”
“Ga­ryn­ja adam” fil­mi­niň ikin­ji bö­lü­mi-de 2018-nji ýy­lyň se­ne­na­ma­sy­na gi­ri­zi­lip, ki­no iýul aýy­nyň baş­la­ry­na pro­kat­la­ra çy­ka­ry­lar. Peý­ton Ri­diň re­žiss­ýor­ly­gyn­da­ky ki­no­da baş keşp­le­ri ýe­ne-de Pol Rudd bi­len Ewan­je­li­ni Li­li ýe­ri­ne ýe­tir­ýär.

“DE­AD­PO­OL 2”
Il­kin­ji­si 2016-njy ýyl­da to­ma­şa­çy­la­ryň dyk­ga­ty­na ýe­ti­ri­len “Ded­pul” fil­mi­niň ikin­ji­sin­de-de baş keş­bi Ra­ýan Reý­nolds jan­lan­dyr­ýar. Beý­le­ki hy­ýa­ly gah­ry­man­la­ra ga­ra­nyň­da, ju­da öz­bo­luş­ly he­re­ket ed­ýän, wag­tal-wag­tal gül­dür­ýän “Ded­pu­lyň” ikin­ji ki­no­sy 1-nji iýun­da ek­ran­lar­da peý­da bo­lar. Köpüň söýgüsini gazanan filme bu ge­zek Tim Mil­le­r däl-de, De­wid Le­it­ç režissýorlyk eder.

“BLACK PANT­HER”
16-njy few­ral­dan baş­lap, ki­no­teatr­la­ra goý­be­ril­jek “Ga­ra Pan­te­ra” fil­mi­ni Ra­ýan Kug­ler su­ra­ta dü­şür­di. Ga­ra Pan­te­ra hy­ýa­ly gah­ry­ma­ny­nyň ýe­ke­lik­dä­ki il­kin­ji baş­dan ge­çir­me­si bo­lan film­de Çed­wik Bo­uz­man, Maýkl B. Jor­don, os­kar­ly akt­ri­sa Lu­pi­to Nýong’o esa­sy keşp­ler­de çy­kyş ed­ýär.
“AQUA­MAN”
Esa­sy bäs­de­şi “Marvel”-den az-ow­lak yza gal­ýan “DC Comics”-iň önü­mi bo­lan “Ak­wa­men” ki­no­sy­ny Jeýms Wan ek­ran­laş­dyr­dy. Filmde Jeý­son Mo­moa, Em­ber Hörd, Pat­rik Wil­son, Ni­kol Kid­man, Dolf Lund­gren ýa­ly ta­nal­ýan ar­tist­le­r çy­kyş ed­ýär. Film ýy­lyň ahy­ryn­da to­ma­şa­çy­la­ryň dyk­ga­ty­na ýe­ti­ri­ler.

“X-MEN: DARK PHOE­NIX”
Ada­ty däl güýç­le­ri bo­lan adam­lar ha­kyn­da­ky “Iks adam­lar” film­ler top­lu­my­nyň 13-nji ki­no­sy-da 2018-nji ýyl­da, has ta­ky­gy, no­ýabr aýyn­da ki­no­teatr­lar­da öz or­nu­ny alar. 2000-nji ýyl­dan bä­ri gör­ke­zi­lip gel­inýän “Iks adam­lar” film­le­ri­niň tä­ze nus­ga­sy­ny Saý­mon Kin­berg su­ra­ta dü­şür­di. Ki­no­da ozal­ky bö­lüm­ler­de-de çy­kyş eden Jeýms Ma­kA­woý, Maýkl Fass­ben­der, Jen­ni­fer Law­rens, Ni­ko­las Hult, So­fie Tör­ner we tä­ze go­şu­lan Jes­si­ka Çes­teýn da­gy dür­li keşp­le­ri jan­lan­dyr­ýar.

“THE NEW MU­TANTS”
“Iks adam­lar” film­le­ri­ne tä­ze­çe gah­ry­man­lary gi­ri­zen “Fox” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň tä­ze ki­no­sy “Tä­ze mu­tant­lar” diý­lip at­lan­dy­ryl­ýar. Joş Bun ta­ra­pyn­dan su­ra­ta dü­şü­ri­len ki­no­da baş keşpler Gol­li­wu­dyň ýaş ar­tist­le­ri – An­ýa Teý­lor-Joý, Mai­se Wil­liams, Çar­li Hi­ton da­ga ynanyldy.

“SO­LO: A STAR WARS STO­RY”
Soňky döwürlerde her ýyl azyn­dan bir sa­ny “Ýyl­dyz sö­weş­le­ri” fil­mi su­ra­ta dü­şü­ril­ýär. Jorj Lu­ka­syň ba­şy­ny baş­lan bu ýö­rel­gesi­niň tä­ze nusgasyna meş­hur Ron Ho­ward re­žiss­ýor­lyk ed­ýär. Sse­na­ri­si­ do­gan­lar Kas­dan­lar ta­ra­pyn­dan ýa­zy­lan ki­no­da Ol­den Eren­raýk, Wu­di Har­rel­son, Emi­li Klark, Do­nald Glo­wer da­gy dür­li keşp­le­ri jan­lan­dyr­ýar. Film maý aýyn­da pro­ka­ta çy­ka­ry­lar.

“JU­RAS­SIC WORLD:
FAL­LEN KING­DOM”
Gol­li­wu­dyň us­sat re­žiss­ýo­ry Sti­wen Spil­ber­giň “Ýu­ra eý­ýa­my­nyň se­ýil­gä­hi” film­le­ri­niň ha­ta­ry­na ýe­ne bi­ri go­şu­lýar. Is­pa­ni­ýa­ly re­žiss­ýor J.A. Ba­ýo­na­nyň su­ra­ta alan ki­no­syn­da Kris Pratt bi­len Bris Dal­las Ho­ward baş keşp­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­ýär. Eý­ýäm­den köp­le­riň üns mer­ke­zin­dä­ki film üçin muş­dak­lar iýun aýy­nyň 22-si­ne çen­li ga­raş­ma­ly bo­lar­lar.

“PACIFIC RIM UP­RI­SING”
Mek­si­ka­ly re­žiss­ýor Gil­ler­mo Del To­ro­nyň 2013-nji ýyl­da su­ra­ta dü­şü­ren “Ýu­waş um­man ser­he­di” fil­mi­niň 2-nji­si mart aýyn­da ek­ran­lar­da peý­da bo­lar. Bu ge­zek Sti­wen S. De­Naý­tyň re­žiss­ýor­lyk eden ki­no­sy­nyň ar­tist­le­ri-de üýt­ge­di. 150 mil­li­on býu­jet­li film­de Jon Bo­ýe­ga, Skott Ist­wud, Rin­ko Ki­ku­çi, Kai­li Spae­ni da­gy dür­li keşp­le­ri jan­lan­dyr­dy.

“FAN­TAS­TIC BEASTS:
THE CRI­MES OF GRIN­DEL­WALD”
“Har­ri Pot­ter”-iň aw­to­ry J.K. Row­lin­giň tä­ze ki­tap­lar top­lu­my “Geň-ena­ýy jan­dar­lar” esa­syn­da­ky 2-nji ki­no­da­ esa­sy üýt­ge­şik­lik kä­bir muş­dak­lar nägilelik bildirenem bolsa, meş­hur akt­ýor Jon­ni Dep­piň, şol san­da Jud La­wyň, Zou Kra­wit­ziň kastinge go­şul­ma­gy bol­dy. Bi­rin­ji­si 2016-njy ýyl­da ekrana çy­kan fil­me ýe­ne-de De­wid Ýeý­tes re­žiss­ýor­lyk ed­ýär.
“TOMB RAI­DER”
2018-nji ýy­lyň ga­ra­şyl­ýan esa­sy ki­no­la­ry­nyň ýe­ne-de bi­ri “Tomb Rai­der” bo­lup, meşhur komp­ýu­ter oýny esa­syn­da taý­ýar­la­nan film mart aýyn­da halk köp­çü­li­gi­niň dyk­ga­ty­na ýe­ti­ri­ler. Film­de baş keş­bi – La­ra Krof­tuň keş­bi­ni os­kar­ly owa­dan akt­ri­sa Ali­si­ýa Wi­kan­de­riň jan­lan­dyr­ma­gy ek­ran ese­ri­niň özü­ne­çe­ki­ji­li­gi­ni has-da art­dyr­ýar. Ro­ar Ut­hau­gyň re­žiss­ýor­ly­gyn­da­ky ki­no­nyň öň­ki nus­ga­la­ryn­da An­je­li­na Jo­li su­ra­ta dü­şüp­di.

“MIS­SI­ON: IM­POS­SIB­LE 6”
Köp meseläni özboluşly çözýän Itan Hant ýe­ne he­re­ket­li, ýe­ri­ne ýe­tir­ilmegi ju­da kyn bo­lan tabşyrygy boýun almaga taý­ýar­lyk gör­ýär. Surata düşýän kinolarynda kän kas­kad­ýor ulan­ma­ýan Tom Kru­zuň baş keş­pde çykyş etjek “Ýe­ri­ne ýe­ti­rip bol­ma­jak tab­şy­ryk” film­le­ri­niň 6-njy bö­lü­mi iýul aýy­nyň ahyry­na ek­ran­la­ra çy­ka­ry­lar. Mun­dan öň­ki bö­lü­mde bolşy ýaly, Kris­to­fer Mak­Ku­ar­ri­niň re­žiss­ýor­ly­gyn­da­ky ki­no­da Tom Kru­za kärdeşleri Re­bek­ka Fer­gu­son, Saý­mon Pegg, Mi­şel Mo­na­gan, Alek Bold­win da­gy ýol­daş­lyk ed­ýär.

“ALITA: BATTLE ANGEL”
Meşhur režissýor Jeýms Kameronyň ssenarisini ýazyp hem-de prodýuserlik eden “Alita: Battle Angel” atly kinoda oskarly Kristof Walts, Maherşala Ali, Rosa Salasar, Jennifer Konneli, Ed Skrein dagy dürli keşpleri ýerine ýetirýär. Uly býujetli filme tanymal režissýor Roberto Rodriges režissýorlyk edýär. Ýaponiýaly Ýukito Kisironyň “Battle Angel Alita” atly manga eseri esasynda surata alnan film iýul aýynyň ahyrynda halk köpçüliginiň dykgatyna ýetiriler.
“RAMPAGE”
Golliwudda äpet maýmyn baradaky kinolaryň hataryna ýene biri goşulýar. Ylmy barlaglaryň netijesinde, ýalňyşlyk bilen ýüze çykan äpet maýmyn baradaky “Rampage” kinosynda baş keşbi Dweýn Jonson janlandyrýar. Jeffri Din Morgan, Malin Akerman ýaly artistleriň hem çykyş edýän kinosyny Bred Peýton surata düşürdi. Film aprel aýynda prokata çykar.

“THE NUTCRACKER AND
THE FOUR REALMS”
Ýylyň ýene bir fantastik kinosy-da “The Nutcracker and the Four Realms” bolup, ony Golliwudyň norwegiýaly režissýory Lasse Hallström surata düşürdi. E.T.A. Hoffmanyň “The Nutcracker and the Mouse King” atly eserinden hem-de Pýotr Iliç Çaýkowskiniň “Şelkunçik” atly balet sazlaryndan ugur alnyp, ssenarisi ýazylan kinoda Kira Naýtli, Makkenzi Foý, oskarly Helen Mirren, Morgan Friman ýaly tanymal artistler baş keşpleri janlandyrýar. Filme tomaşa etmek isleýänler noýabr aýynyň ilkinji gününe çenli garaşmaly bolarlar.

Bu­lar­dan baş­ga-da “Mam­ma Mia! He­re We Go Again” saz­ly, ro­man­tik ko­me­di­ýa­sy­ny, Joş Bro­lin bi­len Be­ne­sio Del To­ro­nyň baş keşpde surata düşen “Sicario 2: Sol­da­do” tril­le­ri­ni, “Ma­ze Run­ner: The Death Cure” uruş­ly, fan­tas­tik tril­le­ri­, os­kar­ly akt­ýor Den­zel Wa­şing­to­nyň baş keşp­de çy­kyş ed­ýän “The Equa­li­zer 2” tril­le­r filmini, oza­lam te­lim ge­zek ek­ran­laş­dy­ry­lan “Ro­bin Ho­od” kinosyny, edil şo­nuň ýa­ly, “Mowg­li” ýa­rym ani­ma­si­ýa ekran eserini hem bu sa­na­wa goş­mak bo­lar.