Angliýanyň çempionatynda sanawyň lideri “Mançester Siti” öz meýdançasynda “Brentford” bilen duşuşyp, 25-nji sekuntda gol geçirtse-de, Holannyň gollary esasynda 2-1 hasabynda ýeňiş gazandy. Holannyň “Premier Ligadaky” gollarynyň sany 70 oýunda 72-ä ýetdi. Ol möwsümiň başyndaky ilkinji 4 duşuşykda 9 gol geçiren ilkinji futbolçy boldy. Onuň 2-nji golunyň pasyny derwezeçi Ederson berdi. Onuň APL-de asistleriniň sany 4-e ýetip, ol bu ugurda 2-njiligi birnäçe derwezeçi bilen paýlaşýar.

Demirgazyk London derbisinde “Arsenal” myhmançylykda “Tottenhamdan” Gabrieliň 64-nji minutda geçiren ýeke-täk goly esasynda üstün çykdy.

“Liwerpul” öz meýdançasynda “Nottingam Foresti” kabul edip, möwsümdäki ilkinji goluny geçirtdi we 1-0 hasabynda ýeňlişe sezewar boldy.” Liwerpul” 1969-njy ýyldan bäri ilkinji gezek “Nottingam Forestden” öz meýdançasynda ýeňildi.

“Mançester Ýunaýted” bolsa myhmançylykda “Southemptony” De Ligt (35), Reşford (41) hem-de Garnaçonyň (90+7) gollary esasynda 3-0 hasabynda ýeňdi. “Ewerton” bolsa şu möwsümde bassyr 2-nji gezek 2-0 öňe saýlanan duşuşygynda-da 3-2 hasabynda utuldy. “Ewerton” soňky 65 ýylda ilkinji gezek çempionatda möwsümiň başyndaky 4 duşuşygynda ýeňlişe sezewar boldy.

“Çelsiniň” myhmançylykda “Bornmuty” Nkunkunyň 86-njy minutdaky ýeke-täk goly bilen ýeňen duşuşygy “Premier Liganyň” taryhyna girdi. Duşuşykda emin Antoni Teýlor jemi 14 sary kart görkezip, bu APL-niň taryhynda iň köp sary kart çykarylan duşuşyk hökmünde hasaba alyndy.

Southempton – M. Ýunaýted: 0-3 (De Ligt 35, Reşford 41, Garnaço 90+7),

Braýton – Ipswiç: 0-0,

K. Palas – Lester: 2-2 (Mateta 47, 90+2 p – Wardi 21, Mawididi 46),

Fulham – West Ham: 1-1 (Himenes 24 – Ingz 90+5),

Liwerpul – N. Forest: 0-1 (Hadson-Odoi 72),

Man. Siti – Brentford: 2-1 (Holann 19, 32 – Wissa 1),

Aston Willa – Ewerton: 2-1 (Wotkins 36, 58, Duran 76 – Maknil 16, Kalwert-Lýuwin 27),

Bornmut – Çelsi: 0-1 (Nkunku 86),

Tottenham – Arsenal: 0-1 (Gabriel 64),

Wulwerhempton – Nýukasl: 1-2 (Lemina 36 – Şer 75, Barns 80)