Günbatar Afrikadaky Mali, Niger we Burkina-Faso ýurtlaryny öz içine alýan Sahel döwletleri Konfederasiýasy (SDK) öz aralarynda hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy artdyrmak maksady bilen bilelikdäki pasport ulgamyna geçmegi meýilleşdirýär.
SDK-nyň başlygy Assimi Goita üç ýurduň arasynda gatnaşygy ýeňilleşdirmek maksady bilen bilelikdäki biometrik pasport ulgamyny girizjekdiklerini mälim etdi. Şeýle hem Goita bilelikdäki teleýaýlymyň hem dörediljekdigini mälim etdi.