Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň ra­ýa­ty Bar­ba­ra Pi­ters 80 ýa­şyn­da tans bo­ýun­ça sy­nag­dan geç­me­gi ba­şar­dy. Şeý­le hem ol ýur­duň iň gar­ry ba­le­ri­na­sy di­ýen ada my­na­syp bol­dy. Bu ba­ra­da ýur­duň met­bu­gat gul­luk­la­ry ha­bar ber­ýär. Bar­ba­ra Pi­ters 55 mi­nu­tyň do­wa­myn­da tan­syň er­kin, nus­ga­wy hem-de öz­bo­luş­ly gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça he­re­ket­le­ri ýe­ri­ne ýe­ti­rip, sy­nag­dan geç­di. Tans bo­ýun­ça pa­ty­şa aka­de­mi­ýa­sy Bar­ba­ra Pi­ter­siň ýe­ri­ne ýe­ti­ren tans gör­nüş­le­ri­niň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça ýaz­ma­ça mag­lu­mat ber­di. 80 ýa­şyn­da­ky aýal çy­ky­şy­na 3 hep­de­läp taý­ýar­lyk gör­di. Her gün 2 sa­gat tans gör­nüş­le­ri­ni ýe­ri­ne ýe­tir­di. Ol sy­nag­dan üs­tün­lik­li ge­çip, bir­nä­çe re­kord­lar ki­ta­by­na ady­ny ýaz­dyr­dy. Onuň aýt­ma­gy­na gö­rä, ba­let ada­myň fi­zi­ki ýag­da­ýy­na oňyn tä­si­ri­ni ber­ýär. Ol 9 ýyl­dan bä­ri tans bi­len meş­gul­lan­ýar. 1957-nji ýyl­da ba­le­rina bol­mak üçin Pa­ty­şa­ly­gyň tans aka­de­mi­ýa­sy­na oku­wa gir­ýär. Ýö­ne jem­leý­ji sy­nag­dan geç­mek oňa ba­şart­ma­ýar. Şol wagt oňa elin­dä­ki şi­kes päs­gel­çi­lik ber­ýär. Pi­ters aka­de­mi­ýa­ny ta­mam­lap, Had­ders­fil­de özü­niň tans mek­de­bi­ni aç­ýar. 2015-nji ýyl­da tä­ze­den ba­let bi­len meş­gul­lan­ma­ga baş­la­ýar we sy­na­ga gatnaşmagy ýü­re­gi­ne düw­ýär. Ahy­ryn­da-da ol ýet­gin­jek­lik döw­rün­dä­ki ar­zu­wy­na ýe­tip, 80 ýa­şyn­da­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, ba­le­rina bol­ma­gy ba­şar­ýar.