Film önüm­çi­li­gi­niň öň­de­ba­ry­jy­sy Gol­li­wud 2017-nji ýy­ly re­kord gir­de­ji bi­len ta­mam­la­dy. Ge­çen ýyl­da tu­tuş dün­ýä bo­ýun­ça ki­nop­ro­kat­la­r­dan ga­za­ny­lan gir­de­ji 39,92 mil­liard dol­la­ra ýet­di. Şol ga­za­ny­lan pu­luň 11,12 mil­liard dol­la­ry De­mir­ga­zyk Ame­ri­ka­nyň, ga­lan 28,8 mil­liard dol­la­ry-da dün­ýä­niň beý­le­ki ýurt­la­ryn­da­ky pro­kat­la­r­dan ýyg­nal­dy. 2016-njy ýy­la ga­ra­nyň­da, 3 gö­te­rim ýo­kar­la­nan bu gör­ke­zi­ji hä­zir­ki wagt­da re­kor­da deň­dir. Mun­dan öň­ki iň ýo­ka­ry gör­ke­zi­ji 2015-nji ýyl­da ga­za­ny­lyp­dy. Şon­da pro­kat­lar­dan 38,9 mil­liard dol­lar ýyg­na­lyp­dy. 2016-njy ýyl­da Gol­li­wud 38,8 mil­liard dol­lar­lyk kas­sa ýy­gy­my­ny top­lap, tas­da­nam öň­ki re­kor­dy tä­ze­läp­di.
2017-nji ýyl­da 4 film gir­de­ji­si­ni 1 mil­liard dol­lar­dan ge­çir­di. Olar “Dis­ney”-iň önüm­le­ri “Ýyl­dyz sö­weş­le­ri: soň­ky Je­di” (1 mil­liard 264 mil­li­on dol­lar) bi­len “Gö­zel we nä­ge­han” (1 mil­liard 263 mil­li­on dol­lar) film­le­ri hem-de “Univer­sal” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ga­ra­ma­gyn­da­ky “For­saž – 8” (1 mil­liard 236 mil­li­on dol­lar) ki­no­sy bilen “Gör­nük­siz – 3” (1 mil­liard 34 mil­li­on dol­lar) ani­ma­si­ýa­sy­dyr.