Meş­hur re­žiss­ýor Ku­en­tin Ta­ran­ti­no­nyň ady mä­lim edil­me­dik tä­ze fil­min­de haý­sy ar­tist­le­riň çy­kyş et­jek­di­gi ba­ra­da köp wagt­dan bä­ri bir­nä­çe gür­rüň­ler edil­ýär. Go­laý­da Çarlz Man­son ba­ra­da­ky bu film­de baş keşp­de os­kar­ly akt­ýor Leo­nar­do Di­Kap­rio­nyň su­ra­ta düş­jek­di­gi ha­bar be­ril­di. Film Ta­ran­ti­no bi­len Di­Kap­rio­nyň bi­le­lik­dä­ki 2-nji ek­ran ese­ri bo­lar. Bil­şi­ňiz ýa­ly, Ta­ran­ti­no­ Di­Kap­rio bilen “Jan­go zyn­jyr­syz” ki­no­syn­da-da bile işleşipdi. Soň­ky ýyl­lar­da yz­ly-yzy­na bir­nä­çe film­de dür­li keşp­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­ýän akt­ri­sa Mar­go Rob­bi­niň hem bu ki­no­da çy­kyş et­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar. Di­Kap­rio bi­len Rob­bi “Woll Stri­tiň mö­jek­le­ri” fil­min­de bi­le su­ra­ta dü­şüp­di. Şeý­le-de Tom Kruz bi­len Bredd Pit­tiň hem us­sat re­žiss­ýo­ryň tä­ze fil­min­de keşp jan­lan­dyr­ma­ga is­leg bil­dir­ýän­di­gi ha­bar­da aý­dyl­ýar. Tarantinonyň ha­lypa akt­ýor Ro­bert De Ni­ro­ny hem fil­miň kas­tin­gi­ne go­şmak is­le­ýän­di­gi habarda be­ýan edil­ýär. Köp­le­riň sa­byr­syz­lyk bi­len ga­raş­ýan bu ek­ran ese­rin­de Man­son­la­ryň maş­ga­la­sy­nyň ba­şyn­dan ge­çen pa­jy­ga­ly wa­ka­la­r ba­ra­da söh­bet açyl­ýar. Şu ýy­lyň güýz aý­la­ryn­da su­ra­ta al­nyp baş­lan­jak fil­miň býu­je­ti 100 mil­li­on dol­lar bo­lar. Ony 2019-njy ýy­lyň 9-njy aw­gus­tyn­da ek­ran­la­ra çy­kar­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär.