“Sportify” internet aýdym-saz platformasy 2017-nji ýylyň iň köp diňlenen aýdymdyr aýdymçylarynyň sanawyny mälim etdi. Şoňa görä-de, angliýaly ýaş aýdymçy Ed Şiran “sportify” arkaly iň köp diňlenen aýdymçy hem-de erkek aýdymçy diýlip, hasaba alyndy. Onuň aýdymlary geçen ýylda 6,3 milliard gezek diňlenipdir. Bu ugurda 2-nji orny 2015-nji we 2016-njy ýyllaryň ýeňijisi Dreýk eýeledi. The Weeknd-iň 3-nji bolan sanawynda Kendrik Lamar 4-nji, The Chainsmokers 5-nji orna mynasyp boldy.
Zenanlaryň arasynda Rihanna 2017-nji ýylda iň köp diňlenen aýdymçy diýen ady eýeledi. Teýlor Swift 2-nji, Selena Gomez 3-nji, Ariana Grande 4-nji hem-de Sia 5-nji bolup, sanawa goşuldy.
Ed Şiranyň “Shape of You” atly aýdymy 2017-nji ýylyň iň köp diňlenen aýdymy boldy. Bu ugurda Daddi Ýankiniň “Despacito” aýdymy-da 2-nji ýeri eýeledi. Ed Şiranyň “Divide” albomy-da iň köp diňlenen albom diýlip, hasaba alyndy.