ABŞ-nyň Prezidenti Jozef Baýden 5-nji noýabrda geçiriljek saýlaw üçin öňünden ses berdi. Ol ses bermek üçin ýaşaýan ýeri bolan Delawer ştatyndaky Wilmington şäherindäki saýlaw uçastoklarynyň birine bardy. Ol ses bermek üçin beýleki saýlawçylar bilen bilelikde nobata durdy we olar bilen gürrüňdeş boldy. Prezident Baýden ses berjek binasynyň girelgesinde arabaly garry aýala hem kömek etdi. Ol degişli işgärlere resminamasyny görkezip, şahsyýeti anyklanandan soňra ekranda elektron gol çekdi. Soňra bolsa özüne görkezilen saýlaw maşynana ýönelen Baýden daşy ýapylan maşyn arkaly sesine berdi.
Soňra bolsa, žurnalistleriň käbir sowallaryna jogap berdi.