Belarusuň paýtagty Minskidäki Milli kitaphana binagärlik aýratynlyklary we içindäki kitaplaryň baýlygy bilen tapawutlanýar. 23 gatly binanyň daşky şekili sekizgyraň bolup, onda 14 milliondan gowrak kitap saklanýar. Dünýäniň iň täsin binagärlik eserleriniň arasynda öňdeligi eýeleýän binanyň daşy tutuşlygyna çyralar bilen bezelendir. Bu çyralar gijelerine dürli öwüşginli reňkler bilen ýagtylandyrylýar. Olarda dürli kompaniýalaryň mahabatlary ýa-da ýurduň milli gymmatlyklaryna degişli şekiller yzygiderli çalşyp durýar. 1922-nji ýylda döredilen kitaphananyň täze binasy 2006-njy ýylda ulanmaga berlipdir. Beýikligi 73 metre barabar bolan binada 2000 orunlyk okalga zallary hem-de 500 orunlyk maslahatlar zaly bar.
1993-nji ýylda kitaphanadaky neşirleriň elektron nusgalary taýýarlanyp başlanýar. Häzirki wagtda kitaphanadaky dürli neşirler onuň agzalaryna elektron usulda hem ýetirilýär. Kitaphanada diňe neşir önümleri däl, eýsem, ses we wideoýazgylar hem-de beýleki materiallaryň dürli görnüşleri okyjylar üçin elýeterlidir. Şeýle-de agzalar beýleki hyzmatdaş kitaphanalaryň we ylym-bilim edaralarynyň maglumat merkezlerindäki eserlerden hem peýdalanyp bilýärler.
Ýurtda kitap okamaklyga uly üns berilýär. Kitaphana her günde 2200 töweregi adam gelýär. Ýylyň dowamynda okyjylara berilýän eserleriň sany 3,5 milliondan geçýär. Şeýle hem kitaphanada belarusça bilen bir hatarda arapça, parsça, türkçe we beýleki dillerde taryhy we döwrebap eserler saklanýar. Kitaphana gory boýunça Moskwadaky döwlet kitaphanasyndan we Sankt-Peterburgdaky Milli kitaphanadan soňra rusça neşirleriň saklanýan üçünji kitaphanasy hasaplanýar. Kitaphonlaryň iň arzyly ýerleriniň biri bolan bu kitaphana şäheriň iň owadan hem barylmagy amatly bolan künjeginde bina edilipdir. Kitaphananyň öňündäki meýdança-da dürli konsertler we beýleki çäreler guralýar. Kitaphana şähere gelýänleriň hem iň gelim-gidimli ýerleriniň biridir. Belarusuň paýtagtyna baryp, bu kitaphanany görmän gaýdýan az-azdyr. Syýahatçylyk agentlikleri dünýäniň täsin ýerleri barada söhbet açanda, Minskini we şäherdäki Milli kitaphanany jahankeşdelere baryp görmegi maslahat berilýän ýerleriň sanawyna goşýarlar.