Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 19-njy ýanwarda geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz oňa gatnaşyjylar bilen halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen ösüş maksatlaryny, Türkmenistanyň ähli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň 2018-nji ýyl üçin durmuş-ykdysady görkezijileriniň meýilnamasyny, maliýe, ykdysadyýet we bank ulgamynyň 2018-nji ýyl üçin iş meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşdy. “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018–2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” esasynda şu ýyl milli ykdysadyýeti durnukly ösdürmek boýunça möhüm wezipeler göz öňünde tutulýar. Bu Maksatnama 2017-nji ýylyň 9–10-njy oktýabrynda Ahal welaýatynda geçirilen Türkmenistanyň Ýaşulular maslahatynyň mejlisinde kabul edildi.
Maksatnamada dünýä ýurtlarynda bolup geçýän ýagdaýlar düýpli öwrenilip, 2018–2024-nji ýyllarda Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň anyk maksatlary we wezipeleri kesgitlenildi. Durnukly ösüş üçin bar bolan serişdeleri we mümkinçilikleri doly ulanmak, bazar gatnaşyklaryna geçmekligi çaltlandyrmak, hususan-da, ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz bölegini ýokary depginler bilen ösdürmek, bilelikdäki kärhanalary, paýdarlar jemgyýetlerini döretmek, gazna biržasynyň we gymmatly kagyzlaryň bazarynyň işjeňligini ýola goýmak ýaly wezipeler öňde goýuldy. Maksatnama jemi 9 bölümden ybarat bolup, onda ýurdumyzyň durnukly ösüşine bagyşlanan ähli meseleler boýunça göz öňünde tutulan işleriň jemi bar.
Maksatnamanyň I bölüminde Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda 2008–2016-njy ýyllarda Türkmenistanda gazanylan durmuş-ykdysady ösüşlere seljerme berilýär. Şeýle seljermeler geçen döwre mynasyp baha bermäge, ýetilen sepgitlere ykdysady we durmuş nukdaýnazaryndan jemgyýetiň, döwletiň ösüşine eden täsirini öwrenmäge mümkinçilik berýär.
II bölümde häzirki wagtda dünýä ýurtlarynda bolup geçýän ýagdaýlary düýpli öwrenmek bilen, 2018–2024-nji ýyllarda Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň anyk maksatlaryny we wezipelerini kesgitlemek, durnukly ösüş üçin bar bolan serişdeleri we mümkinçilikleri doly ulanmak meseleleri seljerilýär.
Maksatnamanyň III bölümi bellenilen döwürde ykdysadyýetiň pudaklarynyň depginli ösüşini üpjün etmek wezipelerine bagyşlanýar. Maksatnamanyň esasynda pudaklaýyn hem-de sebitleýin maksatnamalar utgaşdyrylyp taýýarlanyldy. Bu wezipeleriň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň depginli ösüşini saklamaga, maýa goýum işjeňligini yzygiderli üpjün etmäge, täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berer.
Maksatnamanyň esasy sepgitleri Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen Durnukly ösüş maksatlarynyň ýurdumyzda amala aşyrylmagy göz öňünde tutulyp taýýarlanyldy. Durnukly ösüş maksatlary 17 sany ugry öz içine alýar. Şu nukdaýnazardan, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesine, durmuş syýasatyna, adam maýasynyň ösüşine bagyşlanan wezipeler Maksatnamanyň IV bölüminde öz beýanyny tapýar.
Maksatnamanyň V bölümi tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmaklyga we tebigaty goramak, howanyň ählumumy üýtgemegine garşy göreşmek wezipelerine bagyşlanýar. VI bölüm sebitleriň öndüriji güýçlerini kadaly we toplumlaýyn ösdürmek meseleleriniň çözgütlerini özünde jemledi. VII bölümde Maksatnamanyň maliýe taýdan üpjünçiligi we garaşylýan netijeler bellenilýär. Maksatnamanyň VIII we IX bölümlerinde ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy görkezijileri we 2018–2024-nji ýyllarda gurulmaly, durky täzelenilmeli desgalaryň sanawy görkezilýär.
“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018–2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy” ýurdumyzyň 7 ýylyň dowamynda ähli ugurlar boýunça durnukly ösüşiniň ýörelgelerini özünde jemleýär. Bu Maksatnama ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň mundan beýläk-de ýokarlanjakdygynyň, abadançylygyň we bereket bolçulygynyň özboluşly kepilnamasydyr. Bu Maksatnama boýunça şu ýyl durmuşa geçirilmeli işleriň meýilnamalarynyň işlenip düzülmegi işleriň anyk häsiýete eýe bolýandygyny görkezýär.
“Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” ýylynyň taryhda ilkinji gezek Amul – Hazar aralygynda awtoralli ýaryşynyň geçirilýän ýyly hökmünde hakydalarda galjakdygyny bellemek hem buýsandyryjydyr. 12-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz “Amul – Hazar 2018” atly halkara awtoralli, welosiped we ylgaw ýaryşlaryny geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmek baradaky Karara gol çekdi. Ýurduň gündogaryndan günbataryna sary uzajak bu üç ýaryş, gürrüňsiz, “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” ýylynyň taryhy ähmiýetini has-da artdyrar.
Biz Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, adam hakdaky alada ýugrulan başlangyçlarynyň hemişe uly rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris!
Oguljennet JUMABAÝEWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we
dolandyryş institutynyň mugallymy.