Şwesiýanyň paýtagty Stokgolm şäheriniň köçeleriniň birinde sürüjisiz ilkinji ýolagçy awtobusy peýda boldy. Bu barada köpçülikleýin habar beriş serişdeleri habar berýär. Şwesiýadaky köpçülikleýin täze jemgyýetçilik ulagy elektrik togy bilen işleýändigi sebäpli birneme haýal, ýöne sessiz hereket edýär. 3,3 tonna agramyndaky awtobus 12 ýolagça niýetlenendir. Onda 6 adamyň oturmagy üçin mümkinçilik döredilipdir. Awtobusyň içindäki howpsuzlyga gözegçilik edýän bir işgär bar. Awtobus ýörite tehnologik enjamlar bilen enjamlaşdyrylypdyr. Şolaryň kömegi bilen ýoluň ugrundaky päsgelçilikler barada öňünden habarly edilýär we nirede durmalydygyny mälim edýär.
Fransiýanyň “Easymile” kompaniýasynyň 2 sany sürüjisiz awtobusy 6 aýyň dowamynda Stokgolmyň köçelerinde synag ediler. Ulag serişdesi ozal programmirlenen ugur boýunça sagatda 20 kilometr tizlikde hereket edýär.