Aý­dym-saz dün­ýä­si­niň iň uly sy­la­gy bo­lan “Grem­mi” baý­rak­la­ry­nyň ýe­ňi­ji­le­ri mä­lim edil­di. 60-njy “Grem­mi” baý­rak­la­ry­nyň gow­şu­ry­lyş da­ba­ra­sy Nýu Ýork­da ge­çi­ril­di. Çä­rä­ni ko­me­di­ýa­çy Jeýms Gor­den alyp bar­dy. Te­le­ýaý­lym ar­ka­ly 20 mil­li­on to­ma­şa­çy­nyň to­ma­şa eden da­ba­ra­syn­da iň köp baý­ra­gy hem-de esa­sy baý­rak­la­ry ame­ri­ka­ly meş­hur aý­dymçy Bru­no Mars ga­zan­dy. Onuň “24K Ma­gic” at­ly aý­dy­my ýy­lyň ýaz­gy­sy, ady­bir al­bo­my-da ýy­lyň al­bo­my di­ýen esa­sy 2 sy­la­ga my­na­syp bol­dy. Şeý­le-de “That’s What I Li­ke” at­ly aý­dy­my bol­sa, ýy­lyň aý­dy­my diý­len ugur­dan “Grem­mi” baý­ra­gy­ny eýe­le­di. Onuň bu aý­dy­my Jas­tin Bi­be­riň “Des­pacito”, Jeý-Z-niň “4:44”, Ju­liýa Maýkl­zyň “Is­su­es” hem-de Kha­li­diň “1-800-273-8255” at­ly aý­dym­la­ryn­dan öňe saý­lan­dy. Ol bu­lar­dan baş­ga-da, R&B ugur­la­ryn­dan (ýy­lyň R&B aý­dy­my, al­bo­my, ýe­ri­ne ýe­ti­ri­lişi) ýe­ne-de 3 sy­lag ga­zan­dy. Şeý­le­lik­de, 32 ýa­şyn­da­ky Bru­no Marsyň hä­zi­re çen­li ga­za­nan “Grem­mi” baý­rak­la­ry­nyň sa­ny 11-e ýet­di. Da­ba­ra­da iň köp baý­rak ga­za­nan 2-nji aý­dym­çy Kend­rik La­mar bo­lup, ol rep ugur­la­ryn­dan 5 “Grem­mi” heý­kel­ji­gi bi­len sy­lag­lan­dy. Onuň “Humb­le”, Ri­han­na bi­len bi­le­lik­de ýe­ri­ne ýe­ti­ren “Loya­li­ty” aý­dym­la­ry hem-de “Damn” al­bo­my dür­li ugur­lar­da “Grem­mi” baý­rak­la­ry­ny ga­zan­­dy. Onuň “Humb­le” at­ly aý­dy­my üçin taý­ýar­lan şe­kil­li aý­dy­my-da iň go­wy wi­deo baý­ra­gy­ny eýe­le­di. Ýy­lyň tä­ze aý­dym­çy­sy baý­ra­gy­na 21 ýa­şyn­da­ky ka­na­da­ly Ales­si­ýa Ka­ra la­ýyk gö­rül­di. Ed Şi­ran iň go­wy pop ýe­ri­ne ýe­tir­ili­şi hem-de iň go­wy pop al­bo­my baý­rak­la­ry­ny ga­zan­dy. Dün­ýä bel­li ko­lum­bi­ýa­ly ze­nan aý­dym­çy Şa­ki­ra­nyň “El Do­ra­do” at­ly al­bo­my-da iň go­wy la­tyn al­bo­my baý­ra­gy bi­len sy­lag­lan­dy. 3,30 sa­gat­lap do­wam eden şow­hun­ly çä­re­de Leý­di Ga­ga, Sem Smit, Kend­rik La­mar, Pink, Şeg­gi, Bru­no Mars, Ri­han­na, DJ Ka­led, Kha­lid, Bi­bi Rek­sa, Maý­lus Saý­rus, Ales­si­ýa Ka­ra ýa­ly meş­hur aý­dym­çy­lar öz­le­ri­niň il­ha­lar aý­dym­la­ry bi­len çy­kyş edip, da­ba­ra ýyg­na­nan­la­ryň gö­wün­le­ri­ni gal­kyn­dyr­dy.