1985-nji ýy­lyň 8-nji okt­ýab­ryn­da Ga­wa­ýi­niň mer­ke­zi Go­no­lu­lu­da dün­ýä inen Pi­ter Jin Er­nan­des ýa-da has ýör­gün­li ady Bru­no Mars 60-njy “Grem­mi” baý­rak­la­ryn­da 6 ugur­dan ýe­ňi­ji bol­dy. Ça­ga­lyk­dan El­wis Pres­li we Maýkl Jek­so­nyň jan­kö­ýe­ri bo­lan we iki­si­ni­ňem özü­niň sun­gat ýo­lu­na uly tä­si­ri­niň bar­dy­gy­ny bel­le­ýän 32 ýaş­ly Bru­no Mars­da ki­çi­lik­den aý­dym-sa­zyň rok, hip-hop, R&B gör­nüş­le­ri­ne gy­zyk­lan­ma dö­re­ýär. Sun­ga­tyň bu in­çe gör­nü­şin­den has-da kä­mil­leş­mek mak­sa­dy bi­len Los An­je­le­se gö­çüp gaý­dan Bru­no Mars aý­dym-saz äle­min­dä­ki il­kin­ji şert­na­ma­sy­ny 2010-njy ýyl­da “Mo­town Records” bi­len bag­laş­ýar. Soň­ra meş­hur “At­lan­tic” şe­re­ke­ti bi­len yla­la­şyk ga­zan­ýar. Bru­no Mars 2010-njy ýyl­da özü­niň “Just The Way You Are” hem-de “Gre­na­de” at­ly il­kin­ji aý­dym­la­ry bi­len hem­mä­niň ün­sü­ni özü­ne çek­ýär. Bu aýdymlar bile äh­li sa­naw­lar­da öňe saý­la­nan Mar­syň il­kin­ji al­bo­my “Doo-Wops & Hoo­li­gans” diý­lip at­lan­dy­ryl­ýar. 2012-nji ýyl­da çy­ka­ran “Unort­ho­dox Ju­ke­box” al­bo­my bi­len “Bill­board” sa­naw­la­ryn­da ep-es­li wagt­da öň­de­li­gi hiç ki­me ber­me­ýär. “New York Ti­mes” ga­ze­ti ta­ra­pyn­dan ge­l­je­giň Maýkl Jek­so­ny diý­lip gör­ke­zil­ýän Bru­no Mars 2016-njy ýyl­da “24K Ma­gic” at­ly 3-nji al­bo­my­ny halk köp­çü­li­gi­niň dyk­ga­ty­na ýe­tir­ýär. Gi­ta­ra hem-de dep­rek saz gu­ral­la­ry­ny ça­lyp bil­ýän Bru­no Mars umu­my­lyk­da 51 dür­li baý­ra­gyň eýe­si­dir.