Meşhur amerikan ýazyjysy Stiwen King “PEN America 2018” baýragyna eýe bolar.
– Stiwen King özüniň baý kyssalary arkaly ýaşaýşa ruhlandyrýar – diýip, “PEN America” guramasynyň ýolbaşçysy Andreý Solomon aýdýar. Stiwen King ABŞ-nyň iň söýlüp okalýan ýazyjylarynyň biri hökmünde giňden tanalýar. Onuň aýdyň beýan ediş usulyýeti ýurduň çäklerinden çykyp, dünýä okyjylarynyň göwnünden turýar. Stiwen King 22-nji maýda Tebigat ylymlary muzeýinde bu baýrak bilen sylaglanar. Şol gün onuň “Keseki” (The Outsider) atly täze kitaby satuwa çykarylar. “PEN America” baýragy 1922-nji ýylda ABŞ-nyň jemgyýetçilik guramasy “PEN America” tarapyndan döredilip, ýazyjy-şahyrlara goldaw berýär. Portlendli (Men ştaty) 70 ýaşly Stiwen King 50-den gowrak romanyň awtory bolup, olar 350 milliondan gowrak nusga bilen satyldy. Ol ilkinji “Kerri” romanyny 1970-nji ýylda ýazýar, ondan soňra “Ýalkym” romanyny ýazyp, bu eser oňa uly abraý getirýär. Onuň Riçard Bahman tahallusy bilen “Gazap”, “Uzak gezelenç”, “Ýol işleri”, “Ýüwürýän adam” ýaly romanlary neşir edilýär. 1982-nji ýylda “Garaňky minara” romanlar toplumynyň birinji jildi “Atyjy” romany neşir edilýär. Ol 2003-nji ýylda amerikan edebiýatyna goşan goşandy üçin Milli kitap gaznasynyň medaly, 2014-nji ýylda bolsa, sungatda gazanan üstünlikleri üçin Milli medal bilen sylaglanýar.